MEDENIÝET

Türkmen filmleriniň halkara kinofestiwaldaky nobatdaky üstünligi

Hormatly Prezidentimiziň goldaw-hemaýatlary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen kino sungatyny täze derejä çykarmak, döwrebap filmleri surata düşürmek, surata düşürilýän filmleri halkara giňişlikde dabaralandyrmak üçin giň mümkinçilikler, şol sanda daşary ýurtlarda geçirilýän halkara kinofestiwallara gatnaşmak babatda amatly şertler döredilýär. Şeýle halkara çärelere gatnaşýan türkmen filmleri baýrakly orunlara mynasyp bolýar. Munuň şeýledigine ýakynda Türkiýe Respublikasynyň Izmir şäherinde geçirilen «Turan» halkara kinofestiwalynyň netijelerinden hem göz ýetirmek bolýar.

Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi bilen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) bilelikde guramagynda geçirilen «Turan» halkara kinofestiwalyna dünýäniň 90-dan gowrak döwletinden 2 müňden agdyk film hödürlenildi. Bu döredijilik çäresine ýurdumyzdan Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi hem-de «Mahabat» müdirligi tarapyndan surata düşürilen filmler gatnaşdyryldy.

Kinofestiwalda Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň we «Mahabat» müdirliginiň surata düşüren filmleri degişli baýraklara mynasyp boldy. Hususan-da, Batyr Batyrowyň «Ýeňişli ädimler» atly çeper filmi «Iň gowy çeper film» ugry boýunça «Gyzyl alma» baýragyna, Mekan Gurbanalyýewiň «Mähir terbiýesi» atly gysga göwrümli filmi «Iň gowy gysga göwrümli film» ugry boýunça «Gyzyl alma» baýragyna, Röwşen Welmiýewiň «Meniň oýnum» atly multfilmi eminler toparynyň ýörite baýragy bolan «Gyzyl alma» baýragyna mynasyp görüldi. Soňky ýyllarda türkmen kinematografiýasynyň durnukly ösüş ýoluna düşendigini, milli medeniýetimizi we sungatymyzy, şol sanda kino sungatyny ösdürmekde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yzygiderli tagallalary bilen giň mümkinçilikleriň döredilendigini aýdyň ýüze çykarýan bu filmler beýan edýän mazmuny babatda, düşürilişiniň aýratynlyklary boýunça tomaşaçylarda, eminlerde aýratyn täsirleri galdyrdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda atlaryň saglygyna emeli aň arkaly gözegçilik ediler

Türkmen hünärmenleri Türkiýede guralan halkara teatr festiwalyna gatnaşdylar

22-27-nji iýun aralygynda Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Türkmen kinematografiýaçylary «Turan» kinofestiwalynda abraýly baýraklara mynasyp boldular

Türkmen filmleri “Turan” film festiwalynda görkezildi

Azerbaýjanly opera aýdymçylary Aşgabatda TÜRKSOÝ-yň gala konsertinde çykyş etdiler