SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

06-njy Noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Hamallar üçin bu gün diňe bir ýönekeý wagt däl, eýsem öňde duran möhüm kararlaryňyz  barada çuňňur oýlanmak üçin paýhasly pursat bolar. Daş-töwerekdäki başagaýlyklar we tiz üýtgeýän ýagdaýlar sizi howsala salmasyn; tersine, sabyrlylygyňyz we sowuk-ganlylygyňyz siziň esasy galkanyňyz bolar. Işde    ýa-da şahsy durmuşda gyssagly ädimleri  ädenniňizde ýagdaýy öňünden seljerseňiz  has dogry netijeleri  gazanarsyňyz. Agşam  bolsa güýjüňizi dikeltmek üçin özüňize wagt aýyryň.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Durnuklylyk we zähmetkeşlik bu günki  günüňiziň baş özeni bolar. Ýyllar boýy ýygnan tejräňiz we ynamly ädimleriňiz bu gün öz miwesini bermäge başlar. Emmas maliýe meselelerinde we işewürlikde töwekgelçiliklere ýol bermän, bar bolan zatlaryňyzy has-da berkidip bilersiňiz.Siziň bu agraslygyňız töweregiňizdäki adamlara ynam döreder. Ýakynlaryňyz bilen geçirjek agşamky rahat wagt bolsa size ýatdan çykmase aň-paýhas dynç alşyny berer.

 Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Jöwzalaryň ruhubelentligi we içki batyrgaýlygy ähli gapylary açmaga ýardam eder. Çözülmeýän ýaly bolup görünýän kynçylyklar täzeden, döredijilikli çemeleşmek üçin amatly pursat bolar. Şeýle hem ykbal size täze mümkinçilikleri peşgeş berýär, şonuň üçin gorkman öňe ädim ediň. Özüňize bolan çuňňur ynamyňyz başgalara  ruhy goldaw berer we siziň abraýyňyzy has-da beýgeldeter.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Içki parahatçylyk we ruhy deňagramlylyk bu  günüňiziň esasy bezegi bolar. Daş-töwerekdäki galmagallardan we gurşawdaky dartgynlylykdan uzakda bolmaga çalşyň. Öz içki dünýäňize gulak asyp, nähili ýagdaý dörändede rahatlygyňyzy ýitirmezligi öwreniň.Ýürekden edilýän söhbetdeşlikler, kitap okamak ýa-da diňe öz pikiriňiz bilen galmak size adaty däl aýdyňlygy we akyl taýdan güýç berer.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Ykbal sizi uly we ähmiýetli ýollara çagyrýar. Bi gün liderlik ukybyňyzy, guramaçylyk zehiniňizi görkezmek üçin örän uly mümkinçilikler dörär. Ýöne unutmaň: hakyky güýç sabyr bilen utgaşanynda has uly netijeleri berýär. Her bir ädimiňizi anyk meýilleşdiriň we ähmiýetsiz zatlara energiýaňyzy sarp etmäň. Siziň bu parasatlylygyňyz uzak möhletli üstünlikleriň binýadyny goýar.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Intuisiýaňyz siziň iň ygtybarly ýoldaşyňyz we goragçyňyz bolar. Göze görünmeýän gizlin syrlary, adamlaryň hakyky niýetlerini duýmak aňsat bolar. Şahsy gatnaşyklarda käbir düşünişmezlikler ýüze çykan ýagdaýynda, gahara erk edip, paýhasly we ýumşak boluň. Açyk hem-de çynlakaý gürrüňdeşlikler ýyllar boýy saklanyp gelýän  kynçylyklary bir pursatda çözmäge ýardam eder.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Mizanlaryň adamlara bolan wepalylygy we maşgala bitewüligi we içki ak ýürekliligi bu gününe  aýratyn uly güýç berer. Ýakynlaryňyzyň goldawy islendik kynçylygy ýeňip geçmäge kömek eder. Öýde emele geljek parahatçylyk, mähirli gurşaw we maşgala agzybirligi siziň ruhy dünýäňizi baýlaşdyryp, ertirki güne täze ynam berer.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Hereket, ynam we yzygiderli ösüş  günüňiziň baş kadasy bolar . Işleriňizi ertire goýman, häzirden amala aşyrmaga başlaň. Günüň dowamyndaky ýokary işjeňlik siziň ruhy taýdan galmagyňyza we täze belentliklere ýetmegiňize  itergi berer.Agşamyny bolsa doly rahatlyga, maşgala ýylylygyna we fiziki dynç almaga bagyşlaň.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)

Döredijilik energiýasy we täzeçe garaýyşlar bu  günüňizi gurşap alar. Pikirleriňizi başgalara ýetirmek, täze taslamalara başlamak üçin ruhy taýdan taýyn boluň. Maliýe babatda bolsa puluň gadyryny bilip, geljegiňiz üçin peýdaly maýa goýumlar barada oýlanyň. Daş-töwergiňizdäkilere mähirli çemeleşmek  size uly sylag-hormat getirer.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Jediler üçin bu gün akyl taýdan ýiti we çalasyn bolmagyňyzy talap edýän gün bolar . Maglumatlar akymy köp bolar, şonuň üçin olaryň arasyndan iň zeruryny saýlap bilmek ukybyňyz sizi ýalňyşlyklardan gorar. Bir wagtda birnäçe işe baş urman, ünsüňizi diňe iň wajyp meselä jemläň. Şeýlr hem Dogry adamlar bilen maslahatlaşmak size täze ýollary açar.

Daluw (gowa 21.01 – 20.02 )

Tertip-düzgün, anyk düzgünler we jogapkärçilik bu güniňiüiň üstünlikli  açarydyr. Häzirki wagtda her bir zadyň öz ýerinde bolmagy işleriňiziň ýeňil ýöremegine kepil geçer. Wagtyňyzy dogry paýlasaňyz, hemme zada ýetişip bilersiňiz. Şeýle hem öz ukybyňyza bolan berk ynam maksatlaryňyza has hem golaýlaşdyrar.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Durmuşyň her bir pursatyna şükür edip ýaşamak, deňagramlylygy saklamak sizi has bagtly we kuwwatly eder. Hünär ugurda we maliýe pudagynda garaşylmadyk, ýöne gowy täzelikler gelip biler.Günüň ikinji ýarymynda  saglygyňyza, ruhy arassalygyňyza üns beriň, çünki öňde size has-da uly ösüşler we  ýagty geljek garaşýar.

 

 

Related posts

10-njy fewral ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ata Watan Eserleri

12-nji noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Aýyň täleýnamasy: Noýabr