DÜNÝÄ

Türkmenistanyň ilçisi «Expo-2030» sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meselelerini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Muhammetgeldi Aýazow bilen «Expo 2030 Riyadh» sergisiniň halkara gatnaşyjylar departamentiniň direktory, öňde boljak Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň ýurt boýunça utgaşdyryjysy bolup durýan Muhammet bin Garadyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Muhammet bin Garad Türkmenistanyň «Expo 2030 Riyadh» halkara sergisine gatnaşjakdygyny resmi taýdan ilkinji bolup tassyk eden ýurtlaryň hatarynda bolandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Taraplar Türkmenistanyň milli ekspozisiýasyny taýýarlamak bilen bagly meseleleri, şeýle hem ýurduň sergä resmi gatnaşyjy hökmünde gatnaşmagy baradaky ylalaşyga gol çekmek dabarasyny geçirmek bilen bagly guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ilçi M.Aýazow Türkmenistanyň «Expo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşmagynyň ýurduň Milan, Astana, Dubaý we Osaka şäherlerinde geçirilen iri halkara sergilerinde gazanan üstünliklerini tanyşdyrmak boýunça alyp barýan yzygiderli işleriniň dowamy boljakdygyny belledi. Şeýle hem öňde boljak serginiň Türkmenistanyň ykdysady, ylmy-tehnologik we medeni mümkinçiliklerini halkara jemgyýetçiligine giňden tanyşdyrmakdaky ähmiýeti nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar sergä taýýarlyk görmek boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirmäge gyzyklanma bildirdiler.

Related posts

Hindistan-Merkezi Aziýa sammiti 2027-nji ýylda geçiriler

Brýusselde Türkmenistanyň Mejlisiniň we Ýewropa Parlamentiniň 9-njy parlamentara duşuşygy geçirildi

Hindi Lideriniň maşgalasy Aşgabadyň gözel ýerleri bilen tanyşdy