MEDENIÝET

Türkmen hünärmenleri Türkiýede guralan halkara teatr festiwalyna gatnaşdylar

2026-njy ýylyň 1 – 10-njy maýy aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet we Syýahatçylyk ministrliginiň Döwlet teatrlary baş müdirligi tarapyndan Trabzon şäherinde guralan «Halkara Garadeňiz teatr festiwaly. Döwlet teatrlary – Trabzon-26» halkara teatr festiwalyna bilermenler hökmünde türkmen hünärmenleri hem gatnaşdylar.

Trabzon halkara teatr festiwaly dünýäniň abraýly sungat baýramy hökmünde meşhurdyr. Halkara festiwal şu ýyl 26-njy gezek geçirilip, oňa dünýäniň dürli yklymlaryndan onlarça belli teatrlar gatnaşdylar. Şu ýyl geçirilen «Halkara Garadeňiz teatr festiwaly. Döwlet teatrlary – Trabzon-26» halkara teatr festiwalynyň çäginde dünýäniň dürli ýurtlarynyň teatrlarynyň sahna oýunlarynyň 15-si, çagalar üçin gurjak oýunlarynyň 7-si, sergileriň 3-si, kino we sahna egin-eşikleriniň sergileriniň 8-si, teatr hünärmenleriniň gatnaşmagyndaky maslahatlaryň 2-si geçirildi.

Türkmen hünärmenleri halkara bilermenler toparynyň agzalary hökmünde sahna oýunlarynyň kämilligine baha berdiler, ara alnyp maslahatlaşmalaryna, aktýorlaryň, režissýorlaryň ussatlyk-tejribe alyş sapaklaryna gatnaşdylar.

Halkara teatr festiwalynyň çäginde Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet we Syýahatçylyk ministrliginiň Döwlet teatrlary baş müdirliginiň wekilleri hem-de teatr ýolbaşçylary bilen teatrlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegi boýunça meseleleri, şeýle hem halkara teatr festiwallaryny geçirmek boýunça tejribe alyşmak işleri ara alyp maslahatlaşyldy.

«Halkara Garadeňiz teatr festiwaly. Döwlet teatrlary – Trabzon-26» halkara teatr festiwalyna işjeň gatnaşandygy üçin festiwalyň kubogy hem-de teatr sungatynda halkara gatnaşyklary ösdürmekde goşantlary üçin türkmen hünärmenleri Minnetdarlyk hatlary bilen sylaglandylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasynda “Azerbaýjan edebiýaty burçy” açyldy

Arkadag şäheri Azerbaýjanyň Medeniýet günlerini kabul etdi

Arkadag şäheriniň kitaphanasynda «Azerbaýjan edebiýatynyň burçy» açyldy

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Medeniýet günlerine badalga berildi

Arkadag şäherinde ilkinji gezek Azerbaýjanyň Medeniýet günleri geçirilýär

Türkmenistanda Azerbaýjanyň Medeniýet günleri başlaýar