SPORT

“Inter” topary 10-njy gezek Italiýanyň kubogyny gazandy

“Inter” topary Italiýanyň kubogynyň finalynda “Lasio” toparyny 2:0 hasaby bilen ýeňip, kubogyň eýesi boldy. Duşuşyk Rim şäherinde geçirildi.

Oýnuň 14-nji minutynda “Lasionyň” oýunçysy Adam Maruşiç öz derwezesine pökgi girizdi (awtogol). 35-nji minutda bolsa Lautaro Martines hasaby 2:0-a ýetirdi.

“Inter” şu möwsümde eýýäm ýurduň çempiony bolmagy hem başardy. Klub öz taryhynda 10-njy gezek Italiýanyň kubogyny gazanyp, bu görkeziji boýunça ikinji orna geçdi. Rekord bolsa 15 gezek bu kubogy eýelän “Ýuwentus” toparyna degişlidir.

Geçen ýyl Italiýanyň kubogyny “Bolonýa” topary gazanypdy.

Related posts

Mbappe Messi bilen oýnamagy dowam etdirer

Messi Ispaniýanyň futbol klubynyň täze eýesi boldy

Türkmenistan FIFA-nyň täze sanawynda näçenji orunda?