SPORT

Aşraf Hakimi indi “Inter” toparynda

Futbol äleminde transfer möwsümi başlady. Häzirki wagtda transfer gyzgalaňly alnyp barylýar. Dünýäde futbol äleminde meşhur toparlaryň biri bolan “Real Madridiň” oýunçysy Aşraf Hakimi indi “Inter” toparynda oýnar.

“Inter” “Real Madrid” toparynyň Aşraf Hakimi atly oýunçysyny 40 million ýewro pul mukdary bilen öz toparyna tranfer amala aşyrdy. Inter topary oýunçy bilen 2025-nji ýylyň iýun aýyna çenli şertnama baglaşdy. 21 ýaşyndaky “Real Madridiň” oýunçysy soňky 2 ýylyny “Borussiýa Dortmund” toparynda kireýinde oýnady.

“Inter” toparynyň tälimçisi täze transfer edilen oýunçydan köp zatlara garaşýar.

Related posts

2021-nji ýylyň iň gowy futbolçysy kim bolar?

Ertir Döwletjan Ýagşymyradow Simon Biýong bilen duşuşar

Üç klub UEFA-nyň Çempionlar ligasyndan çykarylar