SPORT

Ramosyň “Real Madrid” üçin 450-nji oýny

Toparyň kapitany Sergio Ramos indi “Real Madrid” üçin 450-nji “LaLigada” çykyş edýär. “Real Madrid” klubynyň Prezidenti ony gadyrly gutlap, ýörite ýadygärlik “köýnek” sowgat etdi.

Ramos “Real Madridiň” taryhynda “Laligada” iň köp çykyş eden oýunçylaryň sanawynda 5-nji orny eýeledi. Sanawda Raul 550, Sançi 523, Kasilýas 510, Santilýana 461 gezek “Real Madridiň” lybasynda “LaLigada” oýnap, ilki dört orun bilen toparyň taryhyna girdiler. Şeýle hem Ramos “Laliganyň” taryhyna iň köp gol salan goragçy hökmünde tanalýar (“Real Madrid” üçin 68, “Sewiliýa” üçin 2 gol).

Related posts

Luçesko “Dinamo Kiýew” toparyna tälim berer

Ronaldodan Messi barada…

Ata Watan Eserleri

Arkadag topary 10-njy ýeňşini gazandy