SPORT

Olimpiýa oýunlarynda eminlik etjek ilkinji türkmen emini

Türkmenistanyň Agyr atletika federasiýasynyň baş kätibi Çarygeldi Mämmedowa ýurdumyzyň sportunyň taryhynda ilkinji gezek Olimpiýa oýunlarynyň agyr atletika ýaryşlaryna eminlik etmek hukugy berildi.

Türkmen eminine şeýle ýokary abraýyň berilmegi Türkmenistanda türkmen sportuny ösdürmek, halkara derejeli türgenleri we tälimçileri taýýarlamak boýunça edilýän uly işleriň aýdyň netijesidir.

Şeýle hem Ç.Mämmedowyň Agyr atletika boýunça dünýä çempionatlaryna, Aziýa we beýleki halkara ýaryşlaryna emin hökmünde gatnaşandygyny bellemek gerek. Bu bolsa ýurdumyzyň sport ulgamyna degişli hünärmenleriniň taýýarlyk derejesiniň ýokary halkara görkezijilere doly laýyk gelýändiginiň nobatdaky beýanydyr.
XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan türkmen türgenleriniň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimize mynasyp wekilçilik edip, uly üstünlik gazanmaklaryny arzuw edýän halkymyz olaryň abraýly bäsleşiklerde uly ýeňişleri gazanjakdyklaryna, şeýlelikde, Türkmenistanyň dünýäniň sport giňişligindäki abraýynyň has-da belende galmagyna mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynam bildirýär.

 

S.Berdimuhamedow Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşar

 

Ýene-de okaň

Dünýä çempionaty: 1/8 finalyň duşuşyklary belli boldy

Messiniň rekordlary bilen Argentina 1/8 finala çykdy

Portugaliýa bilen Ispaniýa 1/8 finalda duşuşar

Garri Keýn meşhur Peleden öňe saýlandy

Angliýa, Belgiýa we ABŞ 1/8 finala çykdy

Dünýä çempionatynyň oýunlaryna 5 million janköýer gatnaşdy