SPORT

Messi bilen Ronaldo deňleşdi

Dünýäniň iň gowy iki futbolçysy hökmünde görkezilýän argentinaly Lionel Messi bilen portugaliýaly Kristiano Ronaldonyň  futbol toparlarynyň düzüminde geçiren gollarynyň sany deňleşdi. Her iki futbolçy garşydaş toparlarynyň derwezesinden 626 gol geçirdiler.

Geçen hepde Ispaniýanyň çempionatynda “Barselona” topary “Eýbar” topary bilen duşuşyp, oýun 5:0 hasabynda katalonlaryň üstünligi bilen tamamlandy. Bu duşuşykda Lionel Messi birnäçe oýundan soňra 4 gezek tapawutlandy. Kristiano Ronaldo bolsa Italiýanyň çempionatynda “Ýuwentus” bilen SPAL toparlarynyň arasyndaky duşuşykda 1 gezek tapawutlandy. Şeýlelikde olaryň geçiren gollaryň sany deňleşdi.

Kristiano Ronaldo “Real Madrid” toparynda oýnan döwründe 450 gol, “Mançester Ýunaýted” toparynyň oýnan döwründe 118 gol, häzir çykyş edýän “Ýuwentusyň” düzüminde 53 gol, futbola başlan “Sporting” toparynyň düzüminde 5 gol geçirdi. Ronaldo bu gollary geçirmek üçin 833 duşuşykda oýnamaly boldy.

Lionel Messi bolsa 626 goly 715 duşuşykda geçirmegi başardy.

Ýene-de okaň

Türkmen türgenleri 2026-njy ýylyň alty aýynda 415 medal gazandylar

Diego Forlan Urugwaýyň futbol ýygyndysyna baş tälimçi boldy

Makgregor 5 ýyldan soňra ýene ýeňildi

Ata Watan Eserleri

Messili Argentina ýarym finalda Angliýa bilen oýnar

Ýamal: Ispaniýa we Fransiýa dünýäniň iň güýçli ýygyndylary

Konor Makgregor tutluşyga çykýar