SPORT

XXI asyryň iň köp duşuşyk geçiren futbolçysy

Halkara futbol taryhy we statistika federasiýasy (IFFHS) XXI asyrda iň köp duşuşyk geçiren oýunçylaryň sanawyny düzdi. “Ýuwentus” toparynyň hüjümçisi Kristiano Ronaldo 21-nji asyrda 1000-den gowrak duşuşyk geçiren ýeke-täk futbolçy boldy. 36 ýaşly portugaliýaly hüjümçi 21-nji asyrda jemi 1.047 duşuşykda oýnapdyr. Bu görkeziji babatda Ronaldo rekordçy hasaplanylýar. Sanawyň ikinji ornuna “Real Madrid, Porto” we Ispaniýa futbol milli ýygyndysynyň kapitany hem derwezeçisi Iker Kasilýas ýerleşdi. Ol 21-nji asyrda jemi 974 duşuşyk geçiripdir. Üçünji orny bolsa “San-Paolo” toparynyň goragçysy Dani Alwes eýeledi. Onuň hasabynda 969 duşuşygy bar.

Biz bolsa futbol janköýerlerimizi 21-nji asyrda iň köp duşuşyk geçiren 10 sany oýunçynyň sanawy bilen tanyşdyrmagymyzy makul bildik:

  1. 1. Ronaldo – 1.047 duşuşyk geçirdi
  2. 2. Iker Kasilýas – 974 duşuşyk
  3. 3. Dani Alwes – 969 duşuşyk
  4. 4. Hawi – 937 duşuşyk
  5. 5. Ýasuhito Endo – 909 duşuşyk
  6. 6. Ibrahimowiç – 907 duşuşyk
  7. 7. Rojerio Seni – 904 duşuşyk
  8. 8. Lionel Messi – 902 duşuşyk
  9. 9. Janluiji Buffon – 852 duşuşyk
  10. 10. Hawýer Zanetti – 717 duşuşyk

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen türgenleri 2026-njy ýylyň alty aýynda 415 medal gazandylar

Diego Forlan Urugwaýyň futbol ýygyndysyna baş tälimçi boldy

Makgregor 5 ýyldan soňra ýene ýeňildi

Ata Watan Eserleri

Messili Argentina ýarym finalda Angliýa bilen oýnar

Ýamal: Ispaniýa we Fransiýa dünýäniň iň güýçli ýygyndylary

Konor Makgregor tutluşyga çykýar