SPORT

Esasy maksat – tomaşaçylary stadiona getirmek

Ispaniýanyň “La Liga” milli çempionatynyň ýolbaşçy düzümi koronawirus pandemiýasynyň çäginde täzelenen lukmançylyk düzgünlerini taýýarlady. Taslamanyň esasy maksady janköýerleriň stadionlara bölekleýin gaýdyp gelmegi bolup durýar.

“La Liganyň” prezidenti Hawier Tebas, Ispaniýanyň möwsümi 19-njy iýul gutarmanka çäkli mukdarda janköýerleri stadiona girmäge rugsat beriljekdigine umyt bildirdi.

Hawier Tebas bu barada eden çykyşynda şeýle diýdi: “10 ýa-da 15 günüň içinde hökümet bilen janköýerleriň meýdançalara gaýdyp gelmegi barada şertnama baglanyşarys. Elbetde, bu tutuş stadion bolmaz, ýöne möwsümiň ahyryna çenli stadionlary 10 ýa-da 15% göterim bilen dolduryp bilsek, gaty begenerdik” diýip, belledi.

Related posts

Arda Gülerli “Real Madrid” Ispaniýanyň çempiony boldy

Göreşde 5 gezek Olimpiýa çempiony bolan ilkinji türgen

Infantino: FIFA-nyň Türkmenistan üçin ägirt uly taslamalary bar