SPORT

Olimpiýa oýunlarynda düzgünleri bozanlar ýurtdan çykarylyp bilner

Halkara Olimpiýa komiteti we Halkara Paralimpiýa komiteti sanitariýa kadalaryna berk gözegçiligi alyp barmak üçin türgenlere we olaryň ýanyndaky adamlara bu kadalaryň bozulan ýagdaýynda Olimpiýa oýunlaryndan çetleşdirmek we ýurtdan çykarmak ýaly kararlara gelip biljekdigini duýdurdylar. Bu barada «Kazinform Sportz.kz» saýty habar berýär.

«Kadalara boýun bolmazlyk, şol sanda, sanitariýa synaglaryndan ýüz öwürmek, hyzmata degişli bolmadyk ýerlere barmak ýa-da jemgyýetçilik ýerlerindenörtüksiz gezmek adamlaryň ýokardaky jeza almagyna sebäp bolar» diýlip, berlen beýanatda aýdyldy.

Ýeri gelende aýtsak, Tokio Olimpiadasy 2020-nji ýylyň 24-nji iýuly ― 9-njy awgusty aralygynda geçirilmelidi. Ýöne pandemiýa bilen bagly ýagdaýlar sebäpli, ol şu ýylyň 8-nji iýuly ― 8-nji awgusty aralygyna süýşürildi.

 

Ýewro-2020: 17-nji iýunyň duşuşyklary

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen türgenleri 2026-njy ýylyň alty aýynda 415 medal gazandylar

Diego Forlan Urugwaýyň futbol ýygyndysyna baş tälimçi boldy

Makgregor 5 ýyldan soňra ýene ýeňildi

Ata Watan Eserleri

Messili Argentina ýarym finalda Angliýa bilen oýnar

Ýamal: Ispaniýa we Fransiýa dünýäniň iň güýçli ýygyndylary

Konor Makgregor tutluşyga çykýar