SPORT

Luçesko “Dinamo Kiýew” toparyna tälim berer

Russiýanyň, Türkiýäniň, Rumyniýanyň, Ukrainanyň hem-de Italiýanyň futbol janköýerleriniň ýakyndan tanaýan tälimçisi Mirça Luçesko Ukrainanyň “Dinamo Kiýew” topary bilen şertnama baglaşdy. Rumyniýaly meşhur tälimçiniň şertnamasynyň möhleti bir ýyl uzaltmak mümkinçiligi bilen 2 ýyla deňdir.

1979/1980-nji ýylyň möwsüminde tälimçilik ýoluna gadam basan Mirça Luçesko häzirki döwre çenli 10-dan gowrak futbol toparyny hem-de milli ýygyndylara tälim berdi. Ol dünýäniň tanymal tälimçileriniň biridir. Russiýada, Türkiýede, Rumyniýada hem-de Italiýada zähmet çeken Luçesko mundan ozal hem Ukrainanyň “Şahtýor” toparyna tälim berip, köp sanly üstünliklere ýetipdi.

Indi bolsa, Ukrainanyň ýene-de bir güýçli toparlarynyň biri hasaplanýan “Dinamo Kiýew” toparyna tälim berer. Ol bu toparyň taryhyndaky 36-njy tälimçi boldy.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionaty: 1/8 finalyň duşuşyklary belli boldy

Messiniň rekordlary bilen Argentina 1/8 finala çykdy

Portugaliýa bilen Ispaniýa 1/8 finalda duşuşar

Garri Keýn meşhur Peleden öňe saýlandy

Angliýa, Belgiýa we ABŞ 1/8 finala çykdy

Dünýä çempionatynyň oýunlaryna 5 million janköýer gatnaşdy