JEMGYÝET

Aşgabat 2028-nji ýylda yslam dünýäsiniň medeni paýtagty bolup biler

ICESCO 2028-nji ýylda Aşgabady yslam dünýäsiniň ýurtlarynyň medeni paýtagty diýip yglan etmek mümkinçiligine garaýar, degişli işler eýýäm alnyp barylýar.

Bu barada Yslam dünýäsiniň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ICESCO) baş direktory Salem Al-Malik «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum» XVII halkara ykdysady forumynyň çäklerinde Kazanda geçirilen guramanyň baş konferensiýasynyň 15-nji sessiýasynyň dowamynda bildirdi. Bu barada TDH habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, bu sessiýanyň dowamynda Türkmenistan ICESCO-nyň ýanynda synçy ýurt statusyna eýe boldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşynda belleýşi ýaly, Aşgabat ICESCO bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi özüniň halkara ynsanperwer syýasatynyň möhüm ugry hökmünde garanýar.

Onuň sözlerine görä, gurama goşulmak Türkmenistanyň bilim, ylym we medeniýet ulgamyndaky halkara özara gatnaşyklaryny ösdürmekde ähmiýetli tapgyr bolup durýar we ýurt ICESCO-nyň ugurdaş başlangyçlaryna gatnaşmaga hem-de amaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýär.

Related posts

Sebitiň ýurtlary türkmen tebigy gazyny “swap” usulynda import etmäge gyzyklanma bildirýär

Ata Watan Eserleri

17 ýurduň raýaty Türkmenistanyň üsti bilen Eýrandan öz ýurduna barar

Aşgabat şäheriniň dolandyryş-çäk bölünişiginde täze ýagdaýlar

vepa