Türkmenistanyň ýygyndy topary 13-18-nji maý aralygynda Gazagystanyň Astana şäherinde geçirilýän türki döwletleriň arasyndaky birinji Küşt olimpiadasyna gatnaşýar.
Türkmenistanyň ýygyndysynyň düzümine iň ökde türgenleriň 14-si girdi.
Olimpiada Türki küşt assosiasiýasyna agza bolan 6 ýurduň: Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň we Azerbaýjanyň toparlary gatnaşýar. Gazagystan olimpiada kabul edýän ýurt hökmünde iki topar bilen çykyş edýär. Şunlukda, bäsleşiklerde jemi 7 topar güýç synanyşýar.
Açyk we zenanlar toparlary dört oýunçydan hem-de bir ätiýaçlyk oýunçydan ybaratdyr. 16 ýaşa çenli oglan-gyzlaryň bäsleşiginde bolsa 4 türgenden ybarat toparlar oýnaýar.
Iki tapgyrdan soň, Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy birinji orunda barýar.
Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň baş direktory M. Kakabaýew şeýle diýdi:
«Biz çagalaryň we ýaşlaryň küştüni ösdürmäge, geljekki çempionlaryň täze neslini kemala getirmäge uly üns berýäris, türgenlerimiziň halkara reýtingini ýokarlandyrmagyň üstünde işleýäris. 2022-nji ýyla çenli Türkmenistanda FIDE reýtingli türgenleriň sany 100-den azdy. Häzirki wagtda olaryň sany 500 töweregi. Geljekde ýygyndy toparymyzyň düzüminde ikinji tapgyr oýunçylary taýýarlamagy meýilleşdirýäris, sebäbi sagdyn bäsdeşlik elit we “çalşyp bolmajak” oýunçylarsyz, hemme taraplaýyn deň güýçli düzümiň emele gelmegine getirmelidir diýip hasaplaýarys».
Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň başlygy Wepa Mälikgulyýew olimpiadanyň çäklerinde guralan Türki küşt assosiasiýasynyň strategik ösüşi boýunça iş duşuşyklaryna we çekişmelere gatnaşýar.
Ýatlap geçsek, 2025-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Astanada Gazagystanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň küşt federasiýalary Türki küşt assosiasiýasyny (TCA) döretmek barada ähtnama gol çekipdiler.
TCA agza bolmak yzygiderli bilelikdäki ýaryşlara gatnaşmaga mümkinçilik açýar, bu bolsa bäsleşik senasyny giňeldýär we türkmen küştçülerine ýokary derejeli tejribe toplamak üçin has köp mümkinçilik berýär. Şeýle hem TCA gatnaşmak oýunçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga we FIDE-däki reýtingleriniň ösmegine ýardam eder.
