SIZDEN GELENLER

Türkmenistan-syýahatçylygyň mekany

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamynyň işini kämilleşdirmek, halkara syýahatçylygy ösdürmek, bu ulgamyň hukuk, ykdysady we durmuş esaslaryny kämilleşdirmek üçin ähli zerur şertler döredilýär. Beýleki ulgamlar bilen bir hatarda, syýahatçylyk ulgamy hem barha ösýär.

Bitarap Türkmenistan döwletimiz halkara syýahatçylyk hyzmatdaşlygyny ösdürmäge uly ähmiýet berýär, medeni mirasy gorap saklamak we dünýä tanatmak arkaly ýurtlaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyryp gelýär. Häzirki döwürde syýahatçylyk halklary birleşdirýän köpri bolup hyzmat edýär.

Muňa şu ýylyň aprel aýynda geçirilen «Turkmentravel — 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisi we maslahaty hem aýdyň subutnamadyr.

Ýurdumyzyň gözel ýerlerine syýahat etmäge isleg bildirýän jahankeşdeleriň sany günsaýyn artýar. Diýarymyz myhmansöýerlige we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna hormat goýýan döwlet hökmünde dünýä halklarynyň arasynda giňden tanalýar.

Bu günki gün syýahatçylygyň dürli görnüşleri bolup, olar fiziki-geografik, ykdysady-geografik, etniki, medeni-taryhy we geosyýasy ýaly ugurlara bölünýär. Ýeri gelende bellesek, ýurdumyzyň geografik jähetden ýerleşişi özboluşlydyr. Onuň ösümlik we haýwanat dünýäsi, täsin tebigy ýerleri, mineral çeşmeleri syýahatçylygyň fiziki-geografik ugruny ösdürmäge ýardam berýär. Çünki tebigy baýlyklarynyň köpdürlüligi bilen tapawutlanýan ýurdumyz syýahatçylaryň köp bölegini özüne çekmäge mümkinçilikleri döredýär.

Şeýle hem tomus paslynyň golaýlamgy bilen tomusky dynç alyş döwri başlanýar. Bu döwürde Balkan welaýatyna syýahata, saglygyny dikeltmäge barýanlaryň sany has-da köpelýär. Ýurdumyzyň raýatlary Hazar deňziniň kenarlarynda çogly Günüň astynda dynç alýarlar.

Häzirki wagtda ýurdumyzda dynç alyş we sagaldyş ugry boýunça syýahatçylygy hem ýola goýuldy. Ýurdumyzyň gözel künjegi bolan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy dünýä halklarynyň ünsüni özüne çekýär. Hazar deňziniň arassa kenarynda gurlan döwrebap myhmanhanalarda gowy dynç almak, wagtyňy şadyýan geçirmek üçin ähli şertler döredilen. Mundan başga-da, Garagum sährasy, Sumbaryň subtropiki dereleri we Köpetdagyň dag gerişleri, läbik wulkanlar, Köýtendag jülgeleriniň ajaýyplygy, Arçmanyň, Mollagaranyň, Farabyň jana şypaly suwlary we beýleki täsinlikleri Watanymyza gelýän jahankeşdeleri haýrana goýýar. Bu bolsa gözel Watanymyzyň perzendi hökmünde her bir türkmenistanlynyň kalbynda buýsanç duýgusyny döredýär.

Türkmenistan tebigaty söýüji jahankeşdeler üçin hem birnäçe gözel ýerleri özünde jemleýän ýurt. Biziň ýurdumyza gelen jahankeşde islese deňiz kenarynda, islese aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän giň sähralykda, islese gojaman daglarda wagtyny tebigatyň goýnunda geçirmäge mümkinçilik alyp biler. Ýurdumyzyň Hazarýaka sebitindäki Aý daglary islendik syýahatçyda seýrek gabat gelýän gözel görnüşleri bilen täsir galdyrsa, günorta-günbatar Türkmenistanda ýerleşýän Nohur obasy, Aýdere, Sumbar jülgeleri tebigatyň täsin owadanlygy arkaly jahankeşdeleri bendi edýär. Mundan başga-da, Köwata gowagy, Garagumuň ýalkymy ýaly ýerler syýahatçylary çekmek üçin örän amatlydyr.

Umuman, ýurdumyzda syýahatçylyk ugurlarynyň gerimini we onuň köp görnüşliligini giňeltmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny ösdürmek, hödürlenýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak, pudak üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak we maglumat-mahabat işini güýçlendirmek arkaly içerki we daşarky bazarlarda ýurdumyzyň syýahatçylygynyň öňe gitmegini gazanmak bu babatda ýaýbaňlandyrylan işleri esasy wezipeleriň biridir.

Mahlasy, Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri sagaldyş-dynç alyş we şypahana pudagy bolup durýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde pudaga degişli desgalaryň, olarda ilata berilýän hyzmatlaryň sany gün-günden artýar. Ýurdumyzda syýahatçylygyň dürli görnüşleri ösen. Olara taryhy-medeni ýadygärliklere syýahat, şypahanalarda dynç almak, sport syýahaty, dag-çöl landşaftyna syýahat, tebigy ýadygärliklere syýahat we ş.m. degişlidir.

Türkmenistan syýasy we ykdysady taýdan örän asuda, ekologik babatda diýseň arassa tebigatly we medeni-taryhy nukdaýnazardan juda gadymy taryha eýe bolan ýurtdur. Syýahat ediljek ýurtda dünýäniň dürli ýerlerinden gelýän myhmanlaryň we jahankeşdeleriň howpsuzlygynyň kepili bolan parahatçylyk we asudalyk, syýahatçylaryň jan saglygyna ýaramly arassa tebigat, tämiz howa, jahankeşdelerde uly gyzyklanma döredýän täsin taryhy-medeni gymmatlyklar, özboluşly binagärlik ýadygärlikleri halkara syýahatçylygynda edilýän esasy talaplar hasaplanýar. Şolaryň ählisini özünde jemleýändigi üçin hem Türkmenistan dünýädäki her bir jahankeşdäniň hökman gelip görmeli ýurtlarynyň biridir.

Amantagan Meredow, 

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Syýahatçylyk fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

Ýene-de okaň

Nebitgaz pudagynda geljegi uly hyzmatdaşlyk

Konstitusiýa we Döwlet baýdagy – mukaddes nyşanlarymyz

Nebitgaz pudagynyň batly gadamlary

Sanly tehnologiýalar – täze eýýamyň hereketlendiriji güýji

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirilýär

Nebitgaz pugagynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy