BIZNES

Baku Energetika hepdeligi: 8 milliard dollarlyk şertnamalara we ylalaşyklara gol çekildi

Baku Energetika Hepdeliginiň we 1-nji Azerbaýjan-Amerikan ykdysady dialogynyň çäklerinde Azerbaýjan Respublikasynyň Ykdysadyýet ministrligi we SOCAR tarapyndan ABŞ, Türkiýe, Serbiýa, San-Marino we Fransiýa ýaly ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary we guramalary bilen ykdysadyýet, energetika, maýa goýumlary we sanly tehnologiýalar ugurlaryny öz içine alýan möhüm ylalaşyklaryň we ähtnamalaryň ençemesine gol çekildi. Olaryň umumy bahasy 7,5 milliard ABŞ dollaryna barabar boldy.

Azerbaýjanyň metbugatynyň habar bermegine görä, bu gol çekilen şertnamalar ABŞ bilen Azerbaýjanyň arasyndaky gatnaşyklaryň adaty energetika hyzmatdaşlygyndan strategik, diwersifikasiýalaşdyrylan we ýokary tehnologiýaly ykdysady hyzmatdaşlyga geçýändigini görkezýär.

1-nji azerbaýjan-amerikan ykdysady dialogynyň teswirnamasy we 7,5 milliard dollarlyk taslamalar bukjasy iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň has ulgamlaýyn, ýokary derejeli we resmi (institusional) derejä geçirilendiginiň subutnamasydyr.

Bu ylalaşyklar, şeýle hem dünýäniň iri maliýe we maýa goýum korporasiýalarynyň (JP Morgan, Apollo Global Management) hem-de energetika ägirtleriniň (Chevron, Comstock Resources) SOCAR we TANAP taslamasy bilen baglanyşykly iri maliýe şertnamalaryna gol çekmegi amerikan işewürliginiň Azerbaýjanyň ykdysady durnuklylygyna we onuň uzak möhletleýin maýa mümkinçiliklerine bolan ynamynyň ýokarydygyny görkezýär.

Bu resminamalaryň biri Azerbaýjan bilen ABŞ-nyň arasynda «Möhüm minerallary we seýrek ýer elementlerini gazyp almak we gaýtadan işlemek üçin üpjünçiligi üpjün etmek» atly çarçuwaly resminama boldy. Azerbaýjan tarapyndan oňa ykdysadyýet ministri Mikaýyl Jabbarow, ABŞ tarapyndan bolsa ykdysadyýet, energetika we işewürlik meseleleri boýunça Döwlet sekretarynyň kömekçisi Kaleb Orr gol çekdi.

Şeýle hem SOCAR, TotalEnergies, XRG we BOTAŞ kompaniýalarynyň arasynda «Abşeron» gaz-kondensat ýatagyny doly özleşdirmegiň çäklerinde öndüriljek tebigy gazyň bir bölegini Türkiýä uzak möhletleýin satmak baradaky şertnama baglaşyldy. Şertnama laýyklykda öndüriljek gazyň 50 göterimi (30 milliard kub metr) 15 ýyl möhlet bilen satylar.

Beýleki resminamalar Serbiýanyň Niş şäherindäki gaz elektrik stansiýasy taslamasy bilen baglanyşykly boldy. SOCAR bilen Serbiýanyň Elektrik energetika senagaty (EPS) arasynda bilelikdäki kärhananyň paýdarlar ylalaşygynyň esasy şertleri we taslamanyň esasy täjirçilik ugurlary boýunça resminama gol çekildi.

SOCAR bilen “Shell” kompaniýasynyň arasynda energetika pudagynda dürli ugurlar boýunça mümkin bolan hyzmatdaşlygyň esasy ýörelgelerini kesgitleýän özara düşünişmek ähtnama hem baglaşyldy. Resminama häzirki önümçilik aktiwleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagy, täze ýataklary gözlemek we özleşdirmek hem-de LNG taslamalaryna gatnaşmagy, emeli aňdan peýdalanmagy, tehnologiýalary we adam kapitalyny ösdürmegi öz içine alýar.

Mundan başga-da, SOCAR bilen AASS kompaniýasynyň arasynda San-Marinoga gaz satmak boýunça şertnama gol çekildi. Şertnama laýyklykda gaz üpjünçiligi şu ýylyň oktýabr aýyndan başlar.

SOCAR bilen amerikan kompaniýasy “Comstock Resources” arasynda häzirki we täze gaz ýataklarynda, şeýle hem olara hyzmat edýän infrastruktura taslamalarynda hyzmatdaşlyk we maýa goýum mümkinçiliklerini öwrenmek boýunça özara düşünişmek ähtnama baglaşyldy.

SOCAR bilen “JP Morgan” arasynda strategik taslamalary maliýeleşdirmek boýunça uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy giňeltmek we SOCAR-yň uzak möhletli maýa serişdelerine elýeterliligini artdyrmak baradaky ähtnama hem gol çekildi.

SOCAR bilen “Chevron” arasynda Azerbaýjanyň Orta Hazar basseýnindäki nebit-gaz mümkinçiliklerini bahalandyrmak üçin bilelikdäki tehniki barlaglary geçirmek boýunça ylalaşyk baglaşyldy.

SOCAR bilen “Apollo Global Management” arasynda TANAP taslamasy boýunça maýa goýum goldawy baradaky şertnama gol çekildi.

SOCAR bilen “George Washington University” arasynda “Washington Hub” platformasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk baradaky ähtnama hem gol çekildi. SOCAR bilen “Haimaker.ai” arasynda emeli aň üçin bulut infrastrukturasyny ösdürmek boýunça hyzmatdaşlyk ylalaşygy baglaşyldy.

Soňra Azerbaýjan bilen ABŞ-nyň arasynda 1-nji Azerbaýjan-Amerikan ykdysady dialogynyň teswirnamasyna gol çekildi. Teswirnama duşuşygyň netijelerini öz içine alýar.

7,5 milliard dollarlyk maýa goýum gymmatyna eýe bolan bu resminamalar Azerbaýjan bilen ABŞ-nyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň energetika, maýa goýum, innowasiýa we strategik serişdeleri dolandyrmak ugurlarynda täze tapgyra geçendigini görkezýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistan “GREEN EXPO 2027” sergisine taýýarlyk görýär

Belarusyň işewür wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Italýan firmalary «Turkmentextile Expo-2026» atly halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşar

«Aýdyň gijeler» hytaýly hyzmatdaşlary bilen emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrar

Türkmen-yrak ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirilýär

Türkmenistanda ýolagçy wagonlaryny abatlanar