JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti: Türkmenistan Germaniýa bilen dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýär

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýere, Federal Kansleri Fridrih Merse we ýurduň ähli halkyna German bitewüliginiň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Türkmenistan we Germaniýa Federatiw Respublikasy özara hormat goýmak, deňhukuklylyk we parahatçylyk ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygy alyp barýarlar. Biz bar bolan giň mümkinçilikleri göz öňünde tutup, ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzyň mundan beýläk-de ösdürilmegini goldaýarys” diýlip, hatda bellenilýär.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Germaniýa bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýändigini, bu gatnaşyklaryň özara hormat goýmak, ynanyşmak we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda mundan beýläk-de ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigini belläp, türkmen-german gatnaşyklarynyň geljekde-de iki ýurduň we halkyň bähbidine üstünlikli ösdüriljekdigine hem-de täze mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna berk ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz mümkinçilikden peýdalanyp, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýere hem-de Federal Kansleri Fridrih Merse tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Germaniýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.

Related posts

Russiýanyň Daşary işler ministri bilen telefon arkaly gepleşi

vepa

Ýewro-2020: Angliýa üçin şowly ýaryş

Erdoğan’dan Uluslararası Tarafsızlık Günü Kutlama mesajı

vepa