Ýakynda türkmenistanly aýdymçy gelin Täçnabat Ýomudowanyň Russiýanyň «Salam, Andreý!» atly telewizion gepleşiginde ýörite myhman hökmünde Andreý Malahow bilen çykyş edendigi mälim boldy. Bu gepleşik görnükli aýdymçy we kompozitor Wiktor Korolýowyň 65 ýyllygyna bagyşlanypdyr, Moskwa çakylyk bolsa türkmen aýdymçysy üçin düýpden garaşylmadyk waka bolupdyr.
Aşgabatda Täçnabat belli hindi filmlerinden aýdymlary ýerine ýetirmek başarnygy bilen bireýýäm adykdy. Ol bendi ediji owazy bilen diňleýjileri haýran galdyryp, sazandalar bilen ýygy-ýygydan konsertlerde çykyş edýär we Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň medeni çärelerine gatnaşýar.
Täçnabadyň hiç haçan ýörite sazçylyk mekdeplerde okamandygyny bellemek gerek. Onda bu endik hindi dilindäki aýdymlary yzygiderli diňlemek arkaly öz-özünden döräpdir. Şunuň ýaly del zady özleşdirmek daşary ýurtly üçin hele-hüle iş däl, çünki bu ýerde esasy kynçylyk aýdym aýtmak usulyndan beter aýtmasy kyn sesleri dile getirmekde we gündogaryň saz däplerindedir.
Jadylaýjy çasly sesiň eýesi kiçigöwünlilik edýär, ýöne onuň aýdymlary, hakykatdan-da, diňleýjini Bolliwud dünýäsine alyp barýar.
lbetde, gepleşige gelenler myhmany ene dilinde aýdym aýtmazdan goýberip bilmediler. Täçnabat diňleýjilere «Küştdepdi» gazalyny bagyş etdi. Bu saz we söz kökleri asyrlaryň jümmüşinden gaýdýan gadymy türkmen dessury tansynyň wokal esasydyr. Türkmen halk aýdym aýtmak we tans sungaty bolan «Küştdepdi» ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň wekili sanawyna resmi suratda girizilendir.
Bu günki gün Täçnabadyň esasy arzuwy syrly Hindistana – Bolliwud “ýyldyzlarynyň” öz täsirli aýdymlaryny aýdyp, tans edýän ýurduna syýahat etmek.
