JEMGYÝET

Baýramçylyk at çapyşygy: ýeňijiler pul sylaglary bilen sylaglandy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyz Aşgabatdaky Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Aşgabat atçylyk sport toplumynda guralan baýramçylyk at çapyşyklaryna gatnaşdy. “Ata Watan Media” toparynyň hem gatnaşan baýramçylyk çapyşygynda ýeňini bolan çapuksuwarlara uly möçberde pul sylaglary gowşuryldy.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy baýramçylyk at çapyşyklary bilen dowam etdi. Baýramçylyk dabaralaryna Mejlisiň Başlygy, hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, ýaşulular, kümüş saçly eneler, daşary ýurtly ilçiler, halkara kompaniýalaryň wekilleri, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary we köp sanly myhmanlar gatnaşdy.

Aşgabat atçylyk sport toplumynda paýtagtymyzyň, Arkadag şäheriniň hem-de ähli welaýatlaryň sungat ussatlarynyň çykyşlary, şekillendiriş sungatynyň ajaýyp eserleriniň, milli gymmatlyklarymyzyň sergi diwarlyklary myhmanlara uly gyzyklanma döretdi.

Aýdym-sazly dabaralardan soňra, behişdi bedewlerimiziň janköýerleriniň sabyrsyzlyk bilen garaşýan at çapyşyklaryna badalga berildi.

Uly toýuň şanyna guralan at çapyşyklary jemi 7 çapyşykdan ybarat bolup, jemleýji ýaryşda ussat çapyksuwar Begençmyrat Agamyradow ýeňiş gazandy.

At çapyşyklary tamamlanandan soňra ýeňijileri sylaglamak dabarays boldy. At çapyşyklarynyň 6 çapyşygynda ýeňiji bolan janköýeler 100 müň manat pul sylagy bilen, jemleýji 7-nji çapyşykda ýeňiji bolan çapuksuwara Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragy bolan 300 müň manat pul sylagy hem-de göçme kubok gowşuryldy.

6 çapyşygyň ýeňijilerine baýraklaryny Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň, maliýe, ulag-aragatnaşyk, oba hojalygy, söwda, gurluşyk we senagat, nebitgaz pudaklaryna gözegçilik edýan orunbasarlary gowşurdy.

7-nji çapyşykda ýeňiş gazanan çapuksuwara bolsa, baýragyny we göçme kubogy Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägozel Gulmanowa gowşurdy.

Related posts

Täze awtobuslar aşgabatlylaryň hyzmatynda

Ata Watan Eserleri

Mongoliýanyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary tamamlandy

Bangladeşde 201 gümmezli metjit gurlar