MEDENIÝET

2023-nji ýylyň – Älem gözeli”

Her ýyl geçirilýän we üstümizdäki ýylda 72-nji hal­ka­ra «Älem gö­ze­li» bäs­le­şi­gi­niň jem­leý­ji tap­gy­ry ge­çi­ril­di. Bu bäs­le­şik­de 23 ýaş­ly Nikaragua döwletiniň wekili Şeýnnis Alondra Palasios Korneho ýe­ňi­ji bol­dy.

Salwadorda geçirilen bu bäsleşik “Youtube” kanalynda göni ýaýlymda alnyp berildi. Bäsleşikde ikinji orny Tailandyň wekili 27 ýaşly Anntoniýa Porsild eýeledi.

– Dünýäniň dürli ýurtlaryndan bäsleşige gatnaşyjylary, olaryň guramaçylaryny we myhmanlary garşylamak biziň üçin uly abraýdyr. «Älem gö­ze­li» bäs­le­şi­gi­ bize ýokary derejedäki çäreleri guramak mümkinçiligini görkezdi. Şonuň üçin Salwadoryň saýlanyp alnandygy üçin minnetdarlyk bildirýärin – diýip, bäslşigi kabul edýän ýurduň Prezidenti Naýib Bukele belläp geçdi.

Guramaçylaryň habar bermegine görä, «Älem gö­ze­li» bäs­le­şi­gi­ 2024-nji ýylda Meksikada geçiriler.

«Älem gö­ze­li» bäs­le­şi­gi­ – her ýyl geçirilýän halkara gözellik bäsleşigidir we dünýäniň gözellik bäsleşikleriniň iň abraýlysydyr. Bu bäsleşige üstümizdäki ýylda 80-den gowrak ýurtdan gyzlar gatnaşdy.

Ýene-de okaň

Ýaşyl geljege ynamly ädim: Paýtagtymyzda eko-festiwal geçirildi

Aşgabatdaky Eýranyň Medeniýet merkezinde çeperçilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy

Türkmen saz sungatyna III halkara mukam forumynda ýokary baha berildi

Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Özbegistandaky dabaralara gatnaşdy

Medeniýet hepdeligi 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda geçiriler

Türkmen wekiliýeti “Merkezi Aziýa+” kino forumyna gatnaşdy