2026-njy ýylyň 15-20-nji iýuny aralygynda Mongoliýanyň Ulan-Bator şäherinde Ýewraziýa döwletleriniň muzeý ýolbaşçylarynyň Birinji forumy geçirildi. Bu foruma ýurdumyzdan Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Nurmyrat Annaçaryýew gatnaşdy.
Häzirki wagtda ýurdumyzda arheologiýa, muzeý işi ugurlarynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ýewraziýa döwletleriniň muzeý ýolbaşçylarynyň Birinji forumynyň maksady muzeý ulgamynyň işini sanlylaşdyrmakdan ybarat. Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Nurmyrat Annaçaryýew forumda eden çykyşynda şeýle belleýär:
Muzeýler – ýurduň we onda ýaşaýan halklaryň milli özboluşlylygyny toplaýar, gorap saklaýar, maddy we medeni gymmatlyklary ylmy esasda öwrenýär, wagyz edýär, sergiläp görkezýär. Milletiň taryhynyň, maddy medeniýetiniň, milli gymmatlyklarynyň, däp-dessur aýratynlyklarynyň toplamalarynyň gaznasyny emele getirýär.
Muzeýleriň ekspozisiýalarynyň esasy bölegi halkyň taryhyna, ýurduň durmuşyna, medeniýetine, onuň döremegine we döwletiň durmuşynda beýleki möhüm wakalara we döwürlere bagyşlanýar. Ylmy-barlag we medeni aň-bilim edaralary hökmünde hereket edýän bu ýurtlaryň öňdebaryjy muzeý merkezleridir, olaryň işiniň esasy aýratynlygy toplumlaýyn ülkäni öwreniş ugurlaryna gönükdirilýär. Ýurtlaryň dürli künjeklerinden toplanan taryhy gymmatlyklar, gymmatly resminamalar, köne çap edilen neşirler, saz gurallary, beýleki milli ähmiýetli gymmatlyklar toplanýar we goralyp saklanýar.
Dünýäniň öňde baryjy ýurtlarynda ykjam we aragatnaşyk tehnologiýalarynyň yzygiderli kämilleşmeginiň netijesinde QR-koduny ulanmaklyk has giňden ýaýrady. Arkadag şäher taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde QR-kod hyzmatlary ulanyşa girizildi. QR-kod iki ölçegli inçe çyzykly kod görnüşinde (2Dştrih kod) bolup, ol özünde dürli maglumatlary jemleýär we «Quick Response Code» («dessin tassyklanylýan kod») diýip düşündirilýär hem-de mobil programma üpjünçiliginiň QR-koddaky maglumatlara çalt düşünmek we özgertmek ukybyny görkezýär. Muzeýi görmäge gelen her bir adam üçin bu hyzmat elýeterlidir. Şonuň üçin ykjam telefonda QR-kody ulanmak arkaly muzeý ekspozisiýasynda sergilenen her bir gymmatlyk barada giňişleýin maglumaty bilmäge mümkinçilik bar. Muzeý ekspozisiýasynyň başynda, ýagny, girelgede multimedia ekranda Arkadag şäheri barada wideorolik görkezilýär hem-de muzeý ekspozisiýasy barada maglumat beýan edilýär.
Häzirki döwürde bu ugur hem täze tehnologiýalaryň täsirine düşýär. Şonuň netijesinde muzeýlerde täze bir ösüş ugry peýda bolýar.
Dünýädäki tehnologiýanyň ösmegi bilen muzeýler hem sanlylaşýar. Sanly muzeýleriň artykmaçlyklary, ýagny Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hereket edýän «arkadagshahermuzey.gov.tm» saýty bar. Bu saýt islendik adam üçin elýeterlidir. Bu ýerde muzeý barada ähli maglumatlar jemlenendir hem-de muzeýde alnyp barylýan işler we täzelikler, habarlar ýerleşdirilýär.
Innowasiýa muzeýleri ýaş nesil üçin has gyzykly bolmak bilen, bilim mümkinçiliklerini giňeldýär. Şeýle hem, sanly ösüş diňe bir içerki ösüş bilen çäklenmeýär. Ol halkara derejesinde hyzmatdaşlyk üçin hem täze mümkinçilikleri açýar.
Sanly mümkinçilikler we umumy ösüş muzeýleriň arasynda halkara hyzmatdaşlygy has-da güýçlendirýär. Muzeýler arasynda halkara hyzmatdaşlyk tejribe alyşmakda möhüm orny eýeleýär. 2024-nji ýylyň maý aýynda TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň 10-njy mejlisine gatnaşyjy myhmanlar ekologiýa taýdan arassa hem-de sebitde ýeke-täk «akylly» şäher bolan Arkadag şäherine geldiler.
Gezelenjiň dowamynda myhmanlar ajaýyp şäheriň gözel ýerleriniň biri bolan Taryhy-medeni seýilgähe hem-de Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gelip gördüler. Myhmanlar bu ýerde muzeýiň gymmatlyklary bilen tanyşdylar. Halkara hyzmatdaşlyk medeni gymmatlyklary dünýä derejesinde tanatmaga mümkinçilik berýär. Netijede, muzeýler diňe milli däl, eýsem, dünýä derejesinde hem möhüm medeni merkezlere öwrülýär.
