MEDENIÝET

“Avatar 2” filmi haçan ýaýlyma berler?

Jeýms Kameron “Avatar 2” filminiň surata düşürilişiniň gutarandygyny we “Avatar 3” –iň bolsa tamamlanjakdygyny aýtdy.

2009-njy ýylda çykandan soň 10 ýylyň dowamynda iň köp girdeji gazanan film bolan “Avatar”-yň köp garaşylýan ikinji filmi tamamlandy. “Avatar 2” filminiň surata düşüriliş işleri Täze Zelandiýada geçirildi.

Jeýms Kameron bu film barada şeýle diýdi: “Avatar 2”-i tabşyran günümiz “Avatar 3”-iň finalynda işläp başlan günümizdi. Häzirki wagtda gatnaşýan bölümimiz Täze Zelandiýada surata düşürilýär. “Avatar 3” filmiň tamamlanmagyna takmynan 10 göterim galdy.

“Avatar 2”-de geçen filme gatnaşan Sem Uortington, Zoi Saldana, Sigurni Uiwer, Joel Dewid, Mur, Dilip Rao we Jowanni Ribizi ýaly tanyş atlar ýene peýda bolar.

Iň soňky beýannamalara görä, Disneýiň görüş senesi üýtgedi. Bu senenama laýyklykda 2022-nji ýylyň 16-njy dekabrynda “Avatar 2”, 2024-nji ýylyň 20-nji dekabrynda “Avatar 3”, tomaşaçylar bilen 2026-njy ýylyň 18-nji dekabrynda “Avatar 4”, 2028-nji ýylyň 22-nji dekabrynda “Avatar 5” tomaşaçylar bilen duşuşar .

“Avatar” filmleri tomaşaçylary uly başdan geçirmelere alyp barar.

 

Peýdaly Maslahat Sahypamyz

Hukuk we beýleki ugurlara degişli peýdaly maslahatlaryň jemlenen sahypasy-peýdaly maslahat sahypasy

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasynda “Azerbaýjan edebiýaty burçy” açyldy

Arkadag şäheri Azerbaýjanyň Medeniýet günlerini kabul etdi

Arkadag şäheriniň kitaphanasynda «Azerbaýjan edebiýatynyň burçy» açyldy

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Medeniýet günlerine badalga berildi

Arkadag şäherinde ilkinji gezek Azerbaýjanyň Medeniýet günleri geçirilýär

Türkmenistanda Azerbaýjanyň Medeniýet günleri başlaýar