MEDENIÝET

Şakiradan täze albom

Dünýä belli latyn aýdymçysy Şakira, muşdaklarynyň islegi bilen üç ýyldan soň täze albom taýýarlaýandygyny aýtdy. Ýakynda has takygy 2017-nji ýylda “El Dorado” albomyny çykaran dünýä belli latyn aýdymçysy Şakira, muşdaklarynyň täze alboma bolan islegini kanagatlandyrdy.

43 ýaşly Şakira karantin döwrüni bilim almak mümkinçiligine öwürdi. Meşhur aýdymçy dört hepdelik Gadymy filosofiýa bilimini internetde tamamlady we Pensilwaniýa uniwersitetinden diplomyny sosial mediýada görkezdi.

Kolumbiýaly meşhur aýdymçynyň hakyky ady Şakira Isabel Mebarak Ripolldyr. “Sony Music Ispaniýa” habar gullugynyň habaryna görä, Şakira 2 gezek Grammy, 10 gezek Latyn Grammy we 14 gezek Billboard Latyn aýdym-saz baýraklaryny gazandy we dünýäde 70 milliondan gowrak albom satdy.

Related posts

Aşgabatda däne ýa-da suwulygy saklamak üçin niýetlenen parfiýa humlary tapyldy

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda halkara teatr festiwalynyň açylyş dabarasy geçirildi

Obamanyň gyzy režissýor boldy