BIZNES

Merkezi Aziýa sebitiniň telekeçileri üçin onlaýn okuw

Şu ýylyň 1-5-nji iýuny aralygynda «ýaş telekeçiler üçin onlaýn mekdep» atly gysga wagtlyk okuw geçirilýär. Bu okuwlar ýaş we gyzyklanma bildirýän telekeçiler üçin niýetlendi. Bu okuwlarda işewürlige girişmek we onuň basgançaklary arkaly ýokary göterilmäge degişli maglumatlar berler.

Bu okuwlar bir işe başlamak (diňe bir başlangyç däl), müşderileri özüne çekmek, maliýe, sanly marketing, aragatnaşyk we başga-da köp ädimleri öz içine alýar. Okuwlaryň ahyrynda gatnaşyjylar ýumuşlar berler we şol ýerde derrew toparlara bölünip, berlen ýumuşlar boýunça pikir alyşmalar gurnalar.

Gatnaşyjylaryň sany: 24

Okuwlaryň dowamlylygy: 60-120 minut.

Dili: rus dili.

1-nji gün

Bir işe nädip başlamaly we iş ýüküňi aşa köpeltmeli däl?

2-nji gün

Başlangyç buhgalteriýa we maliýe bilen doly tanyşlyk: garaşylandan has aňsat

3-nji gün

Köpçüligiň arasynda tapawutlanmak: bazaryňyza düşünmegiň ähmiýeti

4-nji gün

Zehin kartasy ýa-da her toparyň agzasynyň netijeliligini nädip ýokarlandyrmaly?

5-nji gün

Önümiň bazar zerurlyklaryna laýyk gelmeginiň ösüş formulasynyň subutnamasy

 

Bu okuw maksatnamasyna gatnaşmak üçin:

https://forms.gle/8cH3Kkaxd8xxW9Xa8

Ýene-de okaň

Türkmen-yrak ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirilýär

Türkmenistanda ýolagçy wagonlaryny abatlanar

Bütindünýä Söwda Guramasy agzalyk: milli gepleşik topary dörediler

Hazar deňziniň türkmen bölegindäki uglewodorod ýataklaryny özleşdirmek dowam etdiriler

Türkmenistanyň 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujetini işläp düzmäge girişilýär

“Ak şäherim Aşgabat” halkara maýa goýum we tehnologiýa gepleşiklerini giňelder