BIZNESIŞ ORUNLARY & TENDERLER

Döwlet energetika instituty üçin goşmaça okuw binalary gurlar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň ýanaşyk çäklerinde 2000 orunlyk täze goşmaça okuw binalaryny we 800 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýlaryny hem-de institutyň golaýyndan geçýän aýlawly ýolda oturdyljak monumenti gurmak boýunça bäsleşik yglan edýär.

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary, teklipleri Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Haýyşnamalar 2023-nji ýylyň 4-nji awgustyna çenli kabul edilýär.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-46-64, 44-46-77.

Related posts

Türkmenistanyň ilkinji köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasy ulanmaga berler

Merkezi Aziýanyň jemi içerki önümi 7 esse ýokarlandy

Yeni sağlık tesisi için uluslararası ihale

Leave a Comment