Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň halkara sergi işini ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
«Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny» netijeli durmuşa geçirmek maksady bilen, bu babatda abraýly halkara guramalar we dünýäniň ösen döwletleri bilen bilelikde degişli işler alnyp barylýar. Bellenilişi ýaly, sergi işiniň ösdürilmegi ýurdumyzyň dünýäniň ykdysady, medeni, maglumatlar giňişligine goşulyşmagynyň möhüm ugry bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň 25-nji awgustyndaky Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanyň halkara sergi işiniň 2024-2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmek boýunça degişli çäreler görülýär. Konsepsiýanyň çäklerinde Halkara sergiler býurosy bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça 2023 — 2025-nji ýyllar üçin Milli meýilnama işlenip taýýarlanyldy we häzirki wagtda bu resminama bellenen tertipde amala aşyrylýar.
2023-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Parižde geçirilen Halkara sergiler býurosynyň Baş Assambleýasynyň 173-nji mejlisiniň dowamynda Türkmenistan ilkinji gezek 2024-2025-nji ýyllar üçin bu guramanyň Dolandyryş we býujet boýunça komitetiniň düzümine agzalyga saýlanyldy. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 19-njy martynda Aşgabat şäherinde Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretarynyň gatnaşmagynda degişli komitetiň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Ýokarda beýan edilenleriň esasynda döwlet Baştutanymyzyň garamagyna birnäçe teklipler, şol sanda geljek ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda Halkara sergiler býurosy bilen bilelikde oba hojalyk ugry boýunça ýöriteleşdirilen “EKSPO” halkara sergisini geçirmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek we bu babatda deslapky taýýarlyk işlerini geçirmek baradaky teklip hödürlenildi. Şeýle-de agzalan sergini Türkmenistanda geçirmek boýunça ýörite gaznany döretmek babatda çäreleri görmek we şunuň bilen baglylykda, iri halkara kompaniýalar bilen gepleşikleri geçirmek teklip edilýär.
Ýurdumyzyň halkara sergi işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge, Türkmenistanyň öňümizdäki Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergilerine ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek üçin degişli işleri amala aşyrmaga gönükdirilen degişli resminamalaryň taslamalaryny taýýarlamak bilen bagly teklipler beýan edildi.
Şolaryň hatarynda:
- 2027-nji ýylyň 19-njy marty — 26-njy sentýabry aralygynda Ýaponiýanyň Ýokogama şäherinde geçiriljek ekologiýa we tebigaty goramak meselesine bagyşlanan «Green EKSPO — 2027» hem-de 2027-nji ýylyň 15-nji maýy — 15-nji awgusty aralygynda Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde «Oýun adamzat üçin: sport we saz hemmeler üçin» diýen şygar astynda geçiriljek «EKSPO — 2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergileri bar.
- Şeýle-de türkmen hünärmenleri üçin sergi-ýarmarka işi boýunça dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň we halkara guramalaryň wekilleri bilen okuw maslahatlaryny guramak, daşary ýurtlardaky okuw merkezlerinde olaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmak maksady bilen, 2025 — 2027-nji ýyllar üçin degişli Maksatnamany taýýarlamak teklip edilýär.