ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

Oguldurdy Mämmetgulyýewa :aýdyma meňzeş ýatlamalar

Käte ýolum düşüp Aşgabadyň çeper-synag halyçylyk kärhanasyna barýan. Her gezek fabrigiň derwezesinden girýän welin, artist Oguldurdy Mämmetgulyýewa ýadyma düşýär. Howlynyň içindäki dalbaryň aşagynda onuň dramaturg Şükür Bäşimowyň eserine sahnalaşdyrylan «Demir aýal» sahna oýnundaky janlandyran keşbi göz öňüme gelýär. Ýogsa men öň ol artisti kino sahnalarynda döreden keşpleri bilen gaýybana tanaýan. Onuň ilki bilen «Kärizgenler» filminde surata düşen Aýnabadyň keşbi ýadyma düşýär. Filmiň gahrymany Görogly aganyň (Ata Döwletow) aýaly Jahan eje (Nurbibi Gutlyýewa) arabada barýan Aýnabada: «Aýnabat, gyzym meniň çalyma aýdaweri, gijelerine gowurajyk ýapynawersin, garry süňňüni sowukladaýmasyn» diýip ýüzlenýän pursady bar. Şonda Aýnabadyň: «Arkaýyn bol, Jahan eje, onuň süňňüni özüm mazalyja gyzdyraryn…» diýip berýän jogaby bada-bat gulagyňda ýaňlanýar. Ol «Säherdäki atlylar» filminde Ogulnyýazyň, «Meniň dostum Meleguş» filminde Maralyň, Eduard Rejebowyň «Tentek» filminde başlygyň aýalynyň keşbinde, Kakow Orazsähedowyň surata düşüren «Japbaklar» filminde Ýalak baýyň aýalynyň keşbi başga-da kän filmlerde surata düşdi. Osman Saparowyň «Ketjal» filminde, Halmämmet Kakabaýewiň «Jennet bagy» hem-de «Tapagan» filmlerinde surata düşendigini bilýän. Pahyr fabrikde işleýärkäm halyçylaryň armasyny ýetirmek üçin kärdeşleri bilen çykyş etmäge gelerdi. Ussat artisti ýüzbe-ýüz görenimden soň onuň döredijiligi hasam gyzyklandyrdy. Şonuň üçin ol barada 2007-nji ýylda-da makala ýazypdym. Ondan bäri kän wagt geçdi. Şonda öýlerine baranymda agtyklary kiçidi. «Häzir olar ulalandyrlar, belki maşgala gurandyrlar.  Olar sungata ömrüni bagyşlan eneleri hakynda indi nähili pikirde-kä?» diýip, ýakynda meşhur artistimiz Oguldurdy Mämmetgulyýewanyň ýaşan ojagyna gaýtadan söhbetdeşlige bardym.

Onuň terjimehalyny öz elýazmasyndan göçürip aldym. Oguldurdy Mämmetgulyýewa 1937-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Kaka etrabynyň Artyk obasynda doglan. 1944-nji ýylda dogduk obasyndaky mekdebe 1-nji synpa okuwa gidýär. 1951-nji ýylda ýediýyllyk mekdebi tamamlap Gowşut obasyndaky mekdep-internatynda okuwyny dowam edýär. 1956-njy ýylda öňki Kalinin adyndaky Türkmen oba hojalyk institutynyň weterinariýa fakultetinde üç ýyl okaýar. Okuwyny tamamlamanka-da artistlik hünärinden gözden geçirilişde  synagdan geçip Moskwa okuwa gidýär. Şeýlelikde 1959-1964-nji ýyllar aralygynda Moskwanyň A. Lunaçarskiý adyndaky teatral institutynyň aktýorçylyk bölüminde ussat mugallymlar Olga Iwanowna Pyžowanyň hem-de Boris Wladimirowiç Bibikowyň elinde tälim alýar. Ýokary okuw mekdebi tamamlap, ol 1964-nji ýyldan 1986-njy ýyl aralygynda şol wagtky Aman Gulmämmedow adyndaky Ýaş tomaşaçylar teatrynda işleýär. Soňra Mollanepes adyndaky döwlet akademiki drama teatryna işe geçýär. Öz saýlan hünärinde bir egne 25 ýyl zähmet çekýär. Oňa halkymyzyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin 1980-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan artisti», 1993-nji ýylda «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly atlar dakyldy. Lenin komsomoly baýragyna, «Nowruz — 93» festiwalynda «iň gowy zenan roly üçin» diýen baýraga mynasyp boldy. Birnäçe hormat hatlar, orden-medallar bilen sylaglandy. Zehinli artistimiz Oguldurdy Mämmetgulyýewa 2004-nji ýylyň 11-nji iýulynda ýogaldy. Onuň bir oglunyň bardygyny bilýärdim. Ogly Batyr neresse-de 2014-nji ýylda ýogalan eken.

Olaryň öýlerine söhbetdeşlige barmankam Türkmenistanyň at gazanan artisti  Maksat Hydyrow bilen gürrüňdeş bolduk. Ol:

— Halypa Oguldurdy Mämmetgulyýewa, kino režissýor Halmämmet Kakabaýew ikisem ejem bilen bir mekdepde okapdyr. Ejem pahyr özüniň mekdep ýyllaryny ýatlanda olar hakynda kän gürrüň bererdi. «Oguldurdy okuwçy döwrümizde-de gaty şahandaz, degişgendi. Käte ýaraman okuwdan galaýsa  klasymyzyň içi boşan ýaly bolardy. Özem duýgurlygy güýçlüdi. Aňyrdan gelýärkä töweregine seretmän göni gelýän ýalydyr welin, daş-töweregindäki uzakdan gelýän adamlaram görüp ýetişýärdi. Öýkünjeňdi» diýerdi. Nesibäm çekip onuň bilen bir teatrda işlemek miýesser etdi. Oba baranymda ejem onuň hal-ýagdaýyny soraýardy. Bir gün işde men oňa:

— Halypa, ejem size salam aýtdy — diýdim.

— Dur, ejeň adyny aýtma, sen Ogulsaparyň oglumy? — diýip gözümden tanady. Ýatkeşligi gaty ýitidi. Türkmenistanyň halk artisti Täçmämmet Mämmetweliýew Ýewripidiň eserine «Medeýa» spektakly sahnalaşdyrdy. Oguldurdy Mämmetgulyýewa Medeýanyň keşbinde, Ýasonyň keşbinde Türkmenistanyň halk artisti Çary Işangulyýew, menem Egeýiň keşbinde oýnaýardym. Soň Çary Işangulyýew iş ýerini üýtgetdi welin, şol oýun ýatyryldy. Oguldurdy Mämmetgulyýewa-da Medeýa rolunyň ölemen aşygydy. Onsoň ol Täçmämmede:

—  «Medeýany» täzeden sahnalaşdyraly — diýýär. Olam bir sebäp bilen eli degmedimi garaz, sahnalaşdyrmady. Onsoň şol oýny özi sahnalaşdyrmaga girişdi. Maňa-da Ýasonyň keşbini ynandy. Menem ol keşbi almaga gorkýan, gaty kyn keşp. «Ýok, öňki rolum bolýa» diýsemem: «Sen oňararsyň» diýip berdi. Şeýdibem ol oýny sahnalaşdyrdy. Irginsiz türgenleşik geçdi. Ol türgenleşikde pedagog tarapdanam, oýnan rolunyň üsti bilenem güýçli düşündirerdi. Özem işine tebigy taýdan berlen artistdi. Her gün irden işe gelende, şol gün agşam haýsy rolda çykyş etjekdigini bilip bolýardy. Ýene bir ýagdaýy bardy. Aňyrdan entek zaldan ýöräp gelýärkä, aýak sesini tanap bolýardy. Tark-tark edip ýöräp gelşinde-de, tarkyldysyndan owaz eşidilýärdi. Ol ýöne-möne tarkyldy däldi. «Men barýandyryn taýýar boluň!» diýen duýduryş bolup eşidilýärdi. Ol  diýseň işjanlydy. Diňe bir sahna çykyşlary bilen çäklenmän, kino filmlerde-de surata düşdi. Türkmen döwlet medeniýet institutynda talyplary okatdy. Talyplar bilen olaň diplom işlerini, şeýle hem  özbaşdak monospektakllary sahnalaşdyrdy. Şowly çykan «Watannama» atly ýeke aktýorly monospektakly köp tomaşaçynyň ýadyndadyr. Ol işden soňam ýadawlyk duýmazdy. Teatryň awtoulagynda artistleri öýüne eltilýär. Ýolda barýarkalaram arkaýyn oturmazdy. Oýnalan sahna oýunlaryň käbir bärden gaýtmalary hakynda pikir alşardy. Barýançak artistleri bir özi güýmäp güldürip bilýärdi. Dynç almak häsiýeti ýokdy. Özüni ýadawlyga, garrylyga berenokdy. Geýnende-de üst-başyna serenjam berip gezerdi. Geýýän eşiklerini depesinden dabanyna çenli meňzeş geýerdi. Dogumly, haýbatly keşbi bilen daşyndan çekindirýärdi, emma ýaşlara kömek ederdi. Uly ýaşly halypa bolansoň, awtobusdan düşjek bolanda elinden çekip kömek berjek bolsaň: «Aýryl beýläk, özüm ýöräp bilýän» diýip tarp-tarp edip ulagdan düşerdi — diýip gürrüň berdi.

Oguldurdy Mämmetgulyýewany kärdeşlerem, muşdaklaram hemişe ýatlaýarlar. Bir gezek 8-nji mart baýramçylygy bilen bagly ýatlamalaryny ýazgy edenimde Türkmenistanyň at gazanan artisti Gülşat Meňliýewa:

— Talyp döwrümiz Oguldurdy Mämmetgulyýewa diýen zehinli, özem şeýle bir mähriban mugallymymyz bardy. Ony toparymyz bolup gowy görýärdik. Oňa nämedir bir zatlar sowgat edesimiz gelýärdi. Gyzlar bolup öz aramyzda maslahatlaşdyk-da, talyp hakymyzdan pul ýygnadyk. Bir suratkeşe haýyş edibem Oguldurdy mugallymyň suratyny çekdirdik. Agşam teatrda «Medeýa» spektakly görkezilýärdi. Gyzlar bolup hem-ä spektakl görmek üçin, hemem mugallymymyzy 8-nji mart baýramy bilen gutlamak üçin ýola düşdük. Türkmenistanyň halk artisti Gülälek Akmyradowa-da bile okaýan ýoldaşymyz. Ol: «A gyz, bahar baýramy bilen gutlap, bir çemen gülsüz barmak gowy däl» diýip nägile boldy. Gyssagarada gül almaga wagt ýok.

Aklymyzyň çatyşydyr-da, köçäniň ugrunda oturdylan owadan gyzyl güllerden bir desse çemen ýasap äkitdik. Şol pursat häzirem göz öňümden gidenok. Spektakldan soň üýşüp sowgadymyzy gowşuranymyzda, mugallym begenjinden gözüni ýaşlap aglady. Uly sowgadam däldi, ýöne onuň üçin biziň agzybirlik bilen şeýdip barmagymyzyň iň uly sowgatdygyna göz ýetirdik. Sebäbi mugallymymyz biziň her haýsymyzy öz gyzy ýaly görýärdi — diýdi. Gürrüňdeş bolanlarymyň her biriniň aýdan ýatlamasy Oguldurdy Mämmetgulyýewanyň häsiýetinem, zehininem, adamkärçiliginem aý dogan ýaly düşündirdi. Onuň şägirdi Sadap Orunowanyň duýgudan doly gözlerini balkyldadyp aýdan gürrüňleri hasam tolgundyrdy. Ol:

— Öňki Aman Gulmämmedow adyndaky Ýaş tomaşaçylar teatrynda işleýärdim. «Şährizada» spektaklda oýnadym. Mollanepes teatrynyň artistleri oýun görmäge barypdylar. Oýun tamamlanandan soň «Gel gyz bärik, senden bir zatlar çykjak ýalyla» diýip Olýa Mämmetgulyýewa ýanyna çagyrdy. «Häzir bize gideli» diýdi. Şonda men, suratkeş Berdi Amansähedow, Mülkaman Orazow dört bolup Olýa daýzalaryň öýüne gitdik. Saçak başynda şol spektakl hakynda çekeleşikli gürrüň edildi. Men şeýle bir begendim. Moskwanyň Şepkin adyndaky institutyny gutaranam bolsam, entek ýaş, tejribesiz adama halypalaryň üns berip öýe çagyrmagy uly bagtdy. Emma kakam ýogalyp özümem biriniň ýeke gyzy bolamsoň, işimi taşlamaly boldum. Öýümize Türkmenabada gitdim. Az wagt mugallym boldum. Ýöne düýşümde diňe teatr sahnasyny görýärdim. Onsoň ýene yzyma dolanyp Mollanepes adyndaky döwlet akademiki drama teatra işe ýerleşdim. Olýa daýza bilen bir teatrda işleşmek nesip etdi. Ol ikinji ejem ýaly howandarlyk etdi. Durmuşa çykdym. Agzym bimazadygyny bilip, her gün işe gelsem çöregiň arasyna gyzyl balyk salyp, ýa ýene bir zatlar getirip bererdi. Ýa bolmasa «Ýör bazara gideli» diýip ýörite bazara äkiderdi. Olýa daýzanyň artistdigini tanansoňlar her kim: «Artist, bu gyzyňyzmy?» diýip soraýardylar. Ol bolsa: «Ýok, men munuň gyzy»  diýip degşerdi. Gyzym dogulyp bäbekhanada ýatyrdym. Hossarlarym uzakda ýaşansoňlar ýatan ýerimde «Wah, meniň yzymdan bir hossarymam gelenok-da»  diýip gözümi ýaşlap ýatyrdym. Birden: «Yzyňdan geldiler» diýip çagyrdylar. Gapa çyksam, Olýa daýza dur. Adamym: «Gyzym boldy» diýip buşlandan, börek bişirip gelen ekeni. Özümi ýalňyz duýup durkam getirilensoňmy, men onuň ýaly tagamly böregi entek hiç haçan iýip göremok.

«Medeýada» keşp janlandyrdym. Olýa daýza «A gyz, garrap dogmadyk bolsaň çakganrak turarlar» diýip käýýäpdi. Öýkeläp sahnadan çykyp gidipdim. Emma ol: «Sary gyz, bärik gel, men-ä saňa oýny göterýäň diýip degýän» diýip öýkämi ýazypdy. Pahyr il ýaly aýlygym tölenýär, bolýar şol diýenokdy. «Täze-täze keşpleri janlandyrasym gelýär» diýerdi. Täçmämmet Mämmetweliýewiň «Türkmennama» monospektaklynda oýnady. Gyz bolubam, ene bolubam boýdan başa bir özi oýnamalydy. Sahna aýlananda minudyna geýnip ýetişmeli bolansoň, şonda sahnaň aňyrsynda  tomaşaça görünmän oňa geýinmäge kömek berýärdim. «Tomaşaça keşbi gowy ýetirip bilmedim öýdýän» diýip, oýun tamamlanan soň eseriň awtory Näzik Annatyýewalara gidipdik. Aramyzda otuz ýaş tapawut bardyr. Emma biz biri-birimiz bilen durmuşyň islendik meselesinden gürleşip bilýärdik. Men Olýa daýzanyň çöregini köp iýipdim. Ol: «Günortan hökman suwuk nahar iýiň»  diýerdi. Kä wagt öýe sygman gaharly, göwnüçökgünligim bardy. Pahyr Käbä zyýarata gidip gelende «Ynha, indi göwnüçökgünlik golaýyňa gelmez» diýip elime ýüzük, boýnuma göz monjugyny getirip dakypdy. Men bolsa elinden ogşap gujaklapdym. Iň soňky gezek ýanyna baranymda: «Arkamy sypap bersene» diýip egnime kellesini goýup oturdy. Arkasyny sypalasam arkasynda çiş bar eken. Uzaga gitmejegini bilip, ogrynça sessiz aglap arkasyny sypaşdyrdym. Ol meniň bolşumy duýsa-da bildirmedik bolup: «Sen indi eglenme-de öýüňe git, gyzyň ýekedir. Sen oňa gereksiň» diýip öýüme ugratdy. Ertesi-birigünem ýogalypdyr. Olýa daýzanyň ýoklugy maňa her ädimde bildirýär. Men ony iki günüň birinde ýatlaýaryn. Nahardan soň her töwürde hökman ýatlap el gadyrýaryn — diýip gözüni ýaşlady. Iş ýerinde söhbetdeş bolamyzsoň,  şol wagt kärdeşi Gözel Hajyýewa-da gabat geldi. Onsoň ondanam Oguldurdy Mämmetgulyýewa hakynda gürrüň bermegini haýyş etdik.

— Olýa Mämmetgulyýewada men-menlik ýokdy. Ýöne islendik keşbi oýnanda özünden soň oýnamaz ýaly edip oýnap bilýärdi. Ol erkek häsiýetli mert aýaldy. Sen kim bol, sahna, keşp babatda ýüz görmän dogruçyl aýdyp bilýärdi. Oba ýerlerine oýun görkezmäge giderdik. Oba ýeridir diýmez, özüne-de beýleki artistlere-de jogapkärçiligi berkdi. Ol Bilbil Mämmedowyň goýan «Perişdeler gijesi» spektaklynda režissýoryň kömekçisi boldy. Her artist bilen aýry-aýry işleşip: «Hat-da sahnaň aňyrsynda bolan wakanam tomaşaçy duýmaly» diýerdi. Durdymämmet Oraýewiň «Öýlenmek» oýnunda kyrk ýaşly gyzyň keşbini janlandyrdy. Şonda zal doly tomaşaçy, ýaňky oýunda agsak, togsak, gözi çaşy, garaz, her hili oglanlar gyza söz aýdyp gelýär. «Duruň entek, pikirleneýin»  diýip aňryk gidýär. Soňam barmagyny çommaldyp: «Ä-hä, onuň gözüni, ol oglanyň burnuny ol oglanyň ýüzüne geçirseň, ol oglanyň aýagyny goýup, bu oglanyň akly bilen çalşyrsaň, ine şeýle, bolaýdy. Owadan, görmegeý oglan boljak» diýip göz öňüne getirýär. Birdenem: «Wah, şol oglana-da äre barsam» diýip iň soňunda-da saýlan ýigidi gaçyp gidýär. Şeýle bir gülkünç oýnaýar welin, tutuş zal gülküden ýaň salyp dur — diýip ýatlady.

Makalam täsirli bolar ýaly indi kimden maglumat alsamkam — diýip öýe gaýdyp gelýärdim. Duralgada halypa artist Akmyrat Esenow sataşdy. Saglyk-amanlyk soraşandan, Akmyrat aga, kärdeşiňiz Olýa Mämmetgulyýewa hakynda gürrüň berip bilmersiňizmi? — diýdim. Ol başyny ýaýkap güldi-de:

— Gala spektaklynda keşp janlandyrdyk. Şonda Oguldurdy Mämmetgulyýewany görüp: «Wah, bu artiste Sülgün hanymyň keşbini ynanmaly eken»  diýenimi duýmandyryn. Kimdir biri aýdan bolmaly, az wagtdan Oguldurdy Mämmetgulyýewa geldi. Silkip ýakamdan tutdy-da: «Sen maňa näme diýdiň?»  diýip sorady. Men: «Üýtgeşik zat diýemok, ýöne bu artiste Sülgün hanymyň keşbini ynanmaly ekeni» diýdim. Ol: «O nähili keşp?» diýdi. «Aý bir ar-namysly, gerek ýerinde eline ýarag alyp bilýän, şahsyýet bolan aýal-da» diýip düşündirdim. Şonda ol: «Wah, saňa döneýin, asyl ol sözleri maňa gowy manyda aýdan ekeniň-ä» diýip gujaklapdy — diýdi.

Kärdeşleriniň aýdan gürrüňleri biri-birinden täsirli boldy. Özüň hakynda gowy ýatlamalaryň aýdylmagyny her bir ynsan belent adamkärçiligi bilen gazanýar. Oguldurdy Mämmetgulyýewa hem özüniň beýik adamkärçiligi bilen ýüreklerde ýakymly ýatlamalar galdyran mertebeli zenan, ylahy zehinli meşhur artist, kalby mähir-söýgüden doly eneleriň biridi. Muňa onuň gelni Gülnar Açylowanyň aýdan gürrüňlerinden hasam göz ýetirdik.

— Gyzym, köplenç: «Düýşümde enemi gördüm. Ol meni gujaklap ogşaýar» diýip aglaýar. Ine, edil şu gün açyk duran äpişgämizden öýümize ak kepderi giripdir. Gyzymam ony emaý bilen tutup, ogşap: «Sen enem jan bolmaly» diýip soňam uçuryp goýberdi. Emma ol kepderi ýene-de gaýtadan öýümize girdi. Öýüň içinde iki ýana uçubam, guýrugyndaky uzyn ýeleginden iki sanysyny gaçyryp, äpişgeden çykyp gitdi. Gyzym bolsa şol ýelekleri alyp: «Eje, indi ynandyň gerek enemdigine. Gördüňmi bir ýelek jigime, biri bolsa maňa. Sebäbi, enem bize hemişe deňje sowgat bererdi» diýip, şu ýelekleri ýüz görülýän aýnanyň öňünde asyp goýdy. Çaga üçin ene mähri hiç bir zat bilen deňär ýaly däl, ýöne ömrüni sungata bagş eden enelerde, ol mähir ýüzlerçe ene ýüreginiň mährine deňdir.  Men onuň ýeke oglunyň gelni bolamsoň: «Sen hem gyzym, hem gelnim, hem oglum» diýerdi. Bir ýerden delje zat getirse oglundan öň maňa hödür ederdi. Ejem-kakam mugallym bolansoň, olar maňa: «Biriniň ýeke gelnisiň, gaýynyň inçe duýguly sungat adamsydyr. Göwnüni görmek üçin gaty geçirimli bolgun» diýip tabşyrardylar. Emma ejem-kakamyň sözünden beter gaýnymyň juda mähribanlygy meni özünden aýyryp bilenokdy. Ilki-ilkiler nahar bişiremde onçakly ökde däldim. Emma öýe myhman gelse kemçiligimi sypaýyçylyk bilen öz üstüne alardy. Gaýnymy daşyndan göreňde döwrebap aýal, ýöne ol Hudaýa sygynýan aýaldy. «Islendik sözüňize, hereketiňize Hudaýyň öňünde jogap bermelisiňiz, pikirlenip hereket edip, pikirlenip gürläň» diýerdi. Tirkeşip eýläk-beýläk çykanymyzda boýumyz deň bolsa-da ol menden syratly görünýärdi. Hemişe: «Egniňi gysyp ýöreme, boýnuňy dik tut, başyňy belent saklap ýöremäge endik et» diýerdi. Işjanlylygy, degişgenligi, ruhubelentligi nusgady. Onuň ýanynda işden ýadadym, ýa-da kelläm agyrýar diýmäge-de utanýardym. Ýüregi hemişe ýaşdy. Bary-ýogy iki aý töweregi agyr halda ýatdy. Gündiz işleýärdim, naharyny bişirip işe gitsem, ýanynda aýal doganlary seredýärdi. Emma gelinçäm naharyny iýmän maňa garaşardy. Tanyş-bilişleri soramaga gelerdiler. Gülküli wakalary ýatlap gürrüň bererdi. Olar bolsa gülüp-gülüp hezil edip giderdiler. Ýöne olar gidensoňlar gürlemäge haly bolman ýatardy. Ol diňe agyr ýagdaýyna gynanyp gitmesinler diýip şeýdýärdi.

Onkologiýa keselhanasynda asma sanjymynyň aşagynda ýatyrdy. Aýnaň daş ýüzünden seredip durdum. Sanjym dermany gutaryp gelýärdi. «Sanjymdan howa düşäýmesin» diýip howlugyp başladym. Emma ol ýatan ýerinden «Gyzlar, gyzlar» diýip üç gezek gygyrdy. Birden şepagat uýasy eşidip «how» diýenden, «Geliň läle kakalyň» diýip çagyrdy. Şepagat uýasy ylgap gelip sanjymy aýyrdy. Ol juda çydamlydy. Iň soňky demine çenli ruhdan düşmedi.

Şeýle mähriban bolsa-da, çagalarym ondan çekinerdi. «Siz türkmen dilinde arassa gürlemeseňiz utanýan» diýerdi. Köp kişiler çagalaryny  kino düşürip  ýa-da teatr sahnasyna çekerdi. Gaýnym şony höwes etmezdi. Ol: «Sungata gelmek üçin özüňi sungata bagş etmeli, özüňi bagş etseňem ýanmaly» diýerdi. Teatra gidip köp keşplerine tomaşa etdim. Onuň söýýän keşpleriniň biri Medeýady. Göräýmäge şol bir keşp, öwrenişäýjek ýaly welin, gaýta, her gezek keşbi oýnanda özüni başgaça duýýardy. Hatda, oýundan soňam wakanyň agyr halyndan çykyp bilmän hepdeläp gezerdi. Klassyk eserlerdäki keşpleri gowy görerdi. Sypynyp wagt tapsa suratkeşleriň sergisine tomaşa etmäge giderdi. Çagalarymy «sungatyň düýbüni bilmeli» diýip klassyk sazlaryň konsertine äkiderdi. Meşhur kompozitor Nury Halmämmedowyň maşgalasy bilen dostlukly gatnaşdy. «Meni degşip hiç kim ýeňip bilenokdy. Diňe Nury Halmämmet oýun edip degişende-de agladyp bilýärdi» diýerdi.

Hoşgylaw bolansoň deň-duş dost-ýarlary köpdi. Pahyry bir gezek bir tanşy üýşmeleňe çagyryp, telefonda: «Häzir bir ak žiguly alyp gaýdar, geýinde taýýar bol» diýip jaň edýär. Olam geýinýärde dördünji gat jaýyň äpişgesinden seredýär. Görse, bir ak žiguly duran. «Maşyn gelipdir-ow» diýip ylgap ýere düşýär-de, hasanaklap maşynyň yzky gapysyndan münýär. Sürüjem geň görüp ýüzüne seredip: «Daýza sizi nirä äkitmeli?» diýip aňk-taňk bolýar. Ol bolsa degişýändir öýdüp: «Äkitmeli ýere äkitmeli borsuňda» diýip arkaýyn oturan. Ahyry sürüji:  «Aý,  men-ä bilemok, nirä äkitjegimi» diýipdir. «Wiý şeýlemi, onda sen meniň diýýän oglanym däl ekeniň» diýip düşüpdir. Soň tötänden bolan bu wakany ýatlap hezil edip gülýärdi.

Häzir gaýyn enemiň dünýeden gaýdanyna ýigrimi bir ýyl boldy. Ýogalanda öz dogduk obasyndaky gonamçylykda ýerlendi. Pahyry soňky ýoluna ugradamyzda asmandan nur ýagyp, oňa tebigatam göz ýaş döküp gynanç bildiripdi. Guburyna häli-şindi gidip durmaga biraz ara daşyrak, ýöne şonda-da ýogalan gününde, hatyra günlerinde zyýarata gidip ýatlaýas. Her hepdäniň Anna agşamynda aýat-töwir okap, çagalarym bilen  hökman ýatlap oturýas. Gaýyn enem hemişe saçak başynda erik, kişmiş ýaly miweleri goýmagy halaýardy. Kimdir biri myhmançylyga gelse çaý başynda guradylan miwelerden hökman goýuň» diýerdi. Onuň şol gürrüňleri çagalarymyň gulagynda galypdyr.

— Eje, stoluň üstünde erik-kişmiş, hurmadyr maňyz goýulmandyr. Enemiň ruhy öýümize häli-şindi gelýändir, nägile bolaýmasyn» diýip gutarmanka alyp gelýärler. Çagalarym pul göterýän gapjygynda hemişe enesiniň suratyny göterýärler. Gyzym Göwher durmuşa çykdy, iki ogly bar. Oglum Kaýys jan indi öýlenmeli. Özüm Moskwada dokmaçylyk hünärinden, gyzym Ukrainada ykdysadyýet hünärinden, oglum Sankt-Peterburgda gumanitar ugurdan ýokary bilim aldy. Çagalarymyň ikisem öz saýlan hünärlerinde işläp ýörler. Gaýyn enem pahyr ýaşap ýören bolsady,  çowlugynyň bolanyna gör, nähili begenerdi. Pahyryň özi aýatda bar wagty iş ýerindäki oýunlary görmäge kän barýardyk. Indi özi bolmansoň, näme üçindir başga teatrlara barýas, ýöne gaýyn enemiň iş ýerine baryp bilemok. Gaýyn enemiň azerbaýjan, özbek, gazak — doganlyk halklaryň kino filmlerinde düşen wideo ýazgylary bardy. Indi şolary tapyp çagalaryma ýazgy edip goýmakçy. Ynha, onuň arhiw maglumatlary. Dürli neşirlerde ol hakynda ýazylan makalalar ber. Bular maşgalamyzyň mukaddes gymmatlygy — diýip öňümde goýdy. Oguldurdy Mämmetgulyýewanyň döredijiligi hakynda daşary ýurt neşirlerinde ýazylan makalalaram bar eken. Onuň döreden sahna hem kino keşplerinden arhiw suratlary-da juda kän. Gurbandurdy Gurbansähedowyň «Meňli» pýessasynda Meňliniň,   Gylyç Kulyýewiň «Wah, siz erkekler» pýessasynda Şiriniň,  Annaberdi Agabaýew bilen Rahym Esenowyň «Peýkam» pýessasynda Möjekhanyň,  Baýram Abdyllaýewiň «Nusaýda» atly pýessasynda Abadanyň,  Çary Aşyrowyň «Gök ýaýlanyň ýigitleri» poemasy esasynda Hudaýberdi Bäşimowyň «Ogul takdyry» pýessasynda  Aknabadyň, Mustaý Kariminiň «Aý tutulan gijesi» pýessasynda Tenhabikäniň, Çingiz Aýtmatowyň «Ak gämi» pýessasynda Baýbikäniň, Aşyr Mämiliýewiň «Sen meniň ömrüm» pýessasynda Dursun ejäniň keşbi we başga-da ençeme sahna oýunlarynda döreden keşpleri bar. «Edebiýat we sungat» gazetiniň 1985-nji ýylyň 1-nji fewral sanynda kärdeşim Oraznazar Heşdekowyň Mustaý Kariminiň «Aýgülüstan» pýessasynda döreden Aýgülüň keşbi hakynda, «Aýgülüstana syýahat» atly makalasynda, teatr sungatyny öwreniji N. Dahmaniň şol gazetiň 1987-nji ýylyň 1-nji maýynda çap bolan «Weýran bolan höwürtge» atly makalasynda Olýa Mämmetgulyýewanyň döreden keşpleri barada giňişleýin syn berilýär. Ol haýsy keşbi oýnasyn, eser onuň özüni göz öňünde tutulyp ýazylan ýalydy. Ýöne näme üçindir men ony ýatlanymda ilki bilen «Demir aýal» keşbi ýadyma düşýär. Sebäbi onuň özem edil demirden ýasalan ýaly berk bedenli, aýagyndan ot syçrap duran, dogumy sesi bilen deň gelýän bütinleý üýtgeşik aýaldy. Onuň ýöreýşini görenimde-de, nyzamdaky esger göz öňüme gelýärdi. Ýöne bu gün ony ýatlan adamlaryň gürrüňini diňlänimden soň welin, onuň durşy bilen mähirden ýasalan ýalydygyna göz ýetirdim.

Akgül Saparowa.            

 

 

Ýene-de okaň

Röwşen Hallyýew: ýüreklerde aýdym-sazlaryň galdy

Ata Watan Eserleri

Rejepguly Kerimow: sungatyň hakyky eýesi

Nurmuhammet Meredow :«Aýdymlarym bilen ýaşaryn»

Ata Ilamanow: aýdym–sazly ömür

Ata Watan Eserleri

Myrat Nyýazow: gülki meýdanynyň pälwany

Gurbannazar Ezizow: şahyrdan dörän şahsyýet

Ata Watan Eserleri