JEMGYÝET

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Baş Assambleýasynyň Başlygy bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili, ilçi Wepa Hajiýew BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň Başlygy Annalena Berbok bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň jemgyýetçilik torunda habar berilýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň we has-da berkitmegiň häzirki wagtda ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

Parahatçylyk we howpsuzlyk, howanyň üýtgemegi we durnukly ösüş meselelerinde BMG-niň çäklerinde özara gatnaşyklary ösdürmäge, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanyň milli ileri tutýan ugurlarynyň netijeli durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berildi.

Related posts

Türkmen halysynyň baýramy bellener

Türkmen metbugatynda-01.02.2019ý

vepa

Bakanlar Kurulu Toplantısı: Ekonomi Konuları Değerlendirildi

vepa