DÜNÝÄ

BMG-niň Türkmenistandaky wekili Azerbaýjana bellendi

Dmitri Şlapaçenko Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Azerbaýjan Respublikasyndaky täze hemişelik utgaşdyryjysy wezipesine bellenildi. “Report” agentliginiň habar bermegine görä, bu barada Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçisi Gismet Gözalow “X” jemgyýetçilik torunda mälim etdi.

“BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitri Şlapaçenkony Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçihanasyna amala aşyran hoşniýetli saparynyň çäklerinde garşylamak meniň üçin örän ýakymly boldy. Men ony BMG-niň Azerbaýjandaky täze hemişelik utgaşdyryjysy wezipesine bellenilmegi bilen gutladym we geljekki işlerinde üstünlikler diledim” diýip, ilçi belledi.

Ýatladyp geçsek, şu ýylyň ýanwar aýynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Igor Garafuliçi Azerbaýjandaky wagtlaýyn hemişelik utgaşdyryjy wezipesine bellenipdi. Ol bu wezipäni 2026-njy ýylyň 1-nji iýulyna çenli ýerine ýetirer.

BMG-niň Azerbaýjandaky öňki hemişelik utgaşdyryjysy Wladanka Andreýewa bolsa, ýurtdaky missiýasyny 2026-njy ýylyň 8-nji ýanwarynda tamamlapdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti «Köppolýarlylyk döwri: ugurlaryň köplügi, bir geljek» atly Dubrownik forumyna gatnaşdy

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda saparda bolar

Türkmenistanyň Mejlisinde Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşyk geçirildi

Ankarada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň we Bütindünýä gümrük guramasynyň wekilleri Brýusselde duşuşdy

Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary