Eýranyň futbol boýunça milli ýygyndysy 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşar. Bu barada Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) Wankuwerde geçirilen kongresinde guramanyň ýolbaşçysy Janni Infantino mälim etdi.
“Eýranyň milli ýygyndysy, elbetde, dünýä çempionatyna gatnaşar” diýip, Infantino aýtdy.
“Ýygyndy ABŞ-da oýnar. Onuň sebäbi ýönekeý: adamlar bir ýerde bolar ýaly, biz birleşmeli. Biziň jogapkärçiligimiz şundan ybarat. Dünýä futbol arkaly birleşýär” – diýip, Janni Infantino Wankuwerdäki çykyşynda belläp geçdi.
23-nji aprelde Eýran Yslam Respublikasynyň hökümetiniň wekili Fateme Mohajerani Eýranyň milli ýygyndysynyň dünýä çempionatyna taýýarlyk görýändigini we oňa gatnaşmak üçin ähli zerur çäreleriň görülýändigini habar berdi.
Eýranyň ýygyndysy toparçalaýyn tapgyryň üç duşuşygynyň hemmesini ABŞ-da geçirmeli. Eýranyň ýygyndysy Belgiýanyň, Müsüriň we Täze Zelandiýanyň ýygyndy toparlary bilen bir toparçada çykyş eder.
Futbol çempionaty 11-nji iýundan 19-njy iýul aralygynda geçiriler, duşuşyklar ABŞ-da, Meksikada we Kanadada geçiriler. Bu ýaryşa taryhda ilkinji gezek 48 milli ýygyndy gatnaşýar.
