TEHNOLOGIÝA

“Toyota” satuw boýunça rekord goýdy

“Toyota Motor Corp.” kompaniýasy 2025-nji maliýe ýylynda bütin dünýäde 10,48 million awtoulag satyp, rekord derejä ýetendigini habar berdi. Şunlukda, soňky iki ýylda ilkinji gezek satuwda täze rekord goýuldy diýip, “Kyodo” agentligi habar berýär.

Ýapon awtoulag kompaniýasynyň satuwynyň artmagyna, esasanam, Demirgazyk Amerikada gibrid awtoulaglaryna bolan ýokary isleg sebäp boldy, muňa garamazdan Amerikanyň ýokary gümrük pajylarynyň ýaramaz täsiri hem boldy.

Sebitdäki ýagdaýlar sebäpli Ýaponiýadan Ýakyn Gündogara eksport mart aýynda iki esse azaldy we geçen ýyl bilen deňeşdirilende 46,4 göterim aşaklap, 17 müň awtoulaga düşdi.

Hytaýda satuwlar bäsdeşligiň güýçlenmegi sebäpli 1,4 göterim peselip, 1,76 million birlige ýetdi, Ýaponiýanyň özünde bolsa satuw 2,0 göterim azalyp, 1,47 million awtoulag boldy.

Awtoulag öndürijiniň maglumatlaryna görä, dünýäde elektromobilleriň söwdasy 6,5 göterim ýokarlanyp, 5,04 million awtoulag bilen rekord derejä ýetdi.

Ýene-de okaň

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi

ABŞ Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar

«Türkmentelekomyň» garamagynda Emeli aňyň ösüşi boýunça Merkezi döretmek göz öňünde tutulýar

Türkmenistanyň gümrük ulgamynda emeli aň tehnologiýasy işe girizildi