JEMGYÝET

Türkmen suratkeşi TÜRKSOÝ-yň ýörite baýragyna mynasyp boldy

Şu ýylyň 19-25-nji apreli aralygynda TÜRKSOÝ halkara guramasynyň Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde, Özbegistanyň çeperçilik akademiýasy, şeýle hem, Suratkeşler birleşigi bilen bilelikde guramagynda, Türki döwletleriň ýaş suratkeşleriniň “Bir ruh, dürli reňk” atly bäsleşik sergisi geçirildi.

Bäsleşik sergisinde Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymy Gurban Babatäjow TÜRKSOÝ-yň ýörite baýragyna mynasyp boldy.

Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, şekillendiriş sungatynyň gülläp ösmegi, döredijilik işgärleriniň döwrebap zähmet çekmekleri üçin giň ýollar açylýar.

Munuň özi döredijilik işgärleriniň halkara bäsleşiklerine gatnaşyp, uly üstünlikleri gazanyp, eziz Watanymyzyň sungatda ýeten derejesini giňden dünýä ýaýmaklary üçin döredilýän uly mümkinçilikler hem oňyn şertlerdir.

Related posts

Aşgabatda GDA-nyň zähmet boýunça geňeşiniň maslahaty geçiriler

Türk­me­nis­tan il­kin­ji “Dost­luk oýun­la­ry­ny” ­ge­çir­mä­ge taý­ýar­

Ata Watan Eserleri

Hytaýly atşynaslar Türkmen bedewiniň milli baýramyna çagyryldy