MEDENIÝET

Jahan» döredijilik merkeziniň çagalar tans topary Türkiýedäki festiwala gatnaşdy

19 — 24-nji aprelde Aşgabat şäher häkimliginiň «Jahan» döredijilik merkeziniň çagalar tans topary Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherinde geçirilen 48-nji halkara çagalar festiwalynda üstünlikli çykyş etdi. Türkiýäniň Döwlet teleradiokompaniýasy (TRT) tarapyndan guralan festiwala dünýäniň 27 ýurdundan çagalar toparlary gatnaşyp, medeniýetleriň dürlüligini, olaryň ählisiniň parahatçylygy we dostlugy wagyz edýändigini joşgunly beýan etdiler.

Doganlyk ýurtda her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen çagalar festiwaly bu gezek özüniň gerimi we mazmuny boýunça geçen ýyldakylardan has-da tapawutlandy. Festiwal Ýewropadan Germaniýa, Italiýa, Beýik Britaniýa, Wengriýa, Serbiýa, Albaniýa, Estoniýa, Makedoniýa, Ukraina, Moldowa, Demirgazyk Kipr Türk Respublikasy, Aziýa yklymyndan Türkmenistan, Gazagystan, Özbegistan, Gyrgyzystan, Azerbaýjan, Gruziýa, Mongoliýa, Pakistan, Yrak, Siriýa, Palestina, Amerikadan we Afrikadan Wenesuela, Marokko, Keniýa, Gana ýaly ýurtlaryň iň saýlama çagalar döredijilik toparlaryny bir ýere jemledi. Ol ýaş nesliň döredijilik mümkinçiliklerini görkezmek arkaly halklaryň we ýurtlaryň arasynda dostluk, ynanyşmak ýörelgelerini pugtalandyrmaga, medeni hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.

Festiwalyň dabaraly gala konsertine Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň we doganlyk döwletiň beýleki resmi adamlarynyň hem gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy. Halkara festiwalda Watanymyza wekilçilik eden «Jahan» döredijilik merkeziniň çagalar tans toparynyň zehinli çagalary joşgunly çykyşlary bilen çärä gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdylar. Olaryň ajaýyp çykyşlary Türkmenistanda çagalaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi, şol sanda medeniýet we sungat ugurlary boýunça öz ukyplaryny görkezmekleri hem-de zehinini açmaklary üçin ähli şertleriň döredilýändigini aýdyňlyk bilen görkezdi. Uly sahna çykan ýaşajyk zehinlerimiz türkmen halkynyň asylly däp-dessurlaryndan gözbaş alýan milli öwüşginli tans kompozisiýalaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.

Mälim bolşy ýaly, «Jahan» döredijilik merkezi ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary we hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleri, tutumly işleri joşgunly wasp etmekde, watandaşlarymyzy il-ýurt bähbitli işlere ruhlandyrmakda, milli aýdym-saz däplerini we amaly-haşam sungatyny mynasyp dowam etdirjek zehinli ýaşlary kemala getirmekde uly işleri durmuşa geçirýär. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň tagallalary netijesinde 2020-nji ýylda açylyp ulanmaga berlen döredijilik merkezinde çagalara sungatyň we milli medeniýetiň dürli ugurlaryny öwretmek, olaryň döredijilik başarnyklaryny kämilleşdirmek üçin ähli döwrebap mümkinçilikler bar. Ýöriteleşdirilen sungat öýünde ýaş oglan-gyzlar özlerini gyzyklandyrýan hünärler boýunça dürli gurnaklara gatnaýarlar.

Bezemen sahnada ýerine ýetirilen çykyşlar dostluk, ählumumy abadançylyk baradaky senanyň çagalaryň dilinde has täsirli ýaňlanýandygyny, bu gymmatlyklaryň häzirki döwürde näderejede möhümdigini äşgär etdi. Milli lybaslarda çykyş eden ýurdumyzyň çagalar toparynyň çykyşlary dowamly el çarpyşmalara beslendi. Munuň özi geljekde milli medeniýetimizi gorap saklajak we has-da ösdürjek ýaş zehinleriň ukyp-başarnyklaryna hem-de yhlasyna halkara derejede ýokary baha berilýändiginiň ýene-de bir nyşany boldy. Halkara festiwala gatnaşan ähli döredijilik toparlarynyň bilelikde ýerine ýetiren jemleýji çykyşy adamzadyň ýagty geljegi, çagalaryň abadançylygy üçin ählumumy tagallalara çagyryş bolup ýaňlandy. Festiwalyň medeni maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň çagalar topary Ankara şäheriniň taryhy ýerlerine baryp gördüler, şol sanda Türkiýe Respublikasyny esaslandyryjy Mustafa Kemal Atatürküň aramgähine zyýarat etdiler.

Ýene-de okaň

Dünýäniň iň garry gorillasy 69 ýaşady

Konkur boýunça gyzgalaňly ýaryş geçirildi

Türkmenistanda TÜRKSOY-yň Molla Nasreddin filminiň surata düşüriliş işleri geçirildi

Aşgabatda Weli Muhadowa bagyşlanan opera konserti we TÜRKSOÝ-yň opera günleri geçiriler

Tokioda türkmen milli gadymy lybaslarynyň, el işleriniň we şaý-sepleriniň sergisi açyldy

Fransiýada Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi