JEMGYÝET

35 çapyksuwaryň gatnaşmagynda «Amul-Hazar» atly ýörişi geçiriler

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmen bedewiniň milli baýramynda milli buýsanjymyzyň şan-şöhraty belende galýar. 2026-njy ýylyň dowamynda ýurdumyzda, daşary ýurtlarda geçiriljek hem-de gatnaşyljak atçylyk we atly sport ugurlary boýunça çäreleriň Maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär.

2026-njy ýylyň awgust — sentýabr aýlarynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli Arkadag we Aşgabat şäherleriniň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň hersinden 5 sany atlynyň gatnaşmagynda jemi 35 baş bedewden ybarat bolan «Amul — Hazar» atly ýörişini geçirmek meýilleşdirilýär.

Mundan başga-da, şu ýyl Türkmenistanyň ýokary derejeli wekiliýetiniň daşary ýurtlarda atçylyk we atly sport ugurlary boýunça çärelere gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Şolaryň hatarynda dünýäniň iň abraýly atly sport ýaryşlarynyň biri bolan «Dubai World Cup 2026» atçylyk bäsleşigi (Dubaý, BAE); meşhur «Royal Windsor Horse Show 2026» atçylyk çäreleri (Windzor, Beýik Britaniýa); Halkara atçylyk sporty federasiýasy tarapyndan geçirilýän «FEI World Championship 2026» çempionaty (Aahen, Germaniýa); ýaş türgenleriň arasynda «FEI Jumping Nations Cup Youth» konkur bäsleşigi (Niderlandlar Patyşalygy); dünýä belli «Prix de l’Arc de Triomphe Longchamp» bäsleşigi (Pariž, Fransiýa), meşhur «Fieracavalli 2026» atçylyk festiwaly (Werona, Italiýa), Birleşen Arap Emirlikleriniň Garaşsyzlyk güni mynasybetli guraljak atçylyk ýaryşlary bar.

«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýurdumyzyň sebitlerindäki, Azerbaýjan Respublikasyndaky çykyşlary hem şanly ýyla ýaraşyk berdi.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentini bedew baýramy bilen gutlady

Rustam Minnihanow: Tatarystan ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmekde Russiýanyň esasy merkezi

Türkmenistanyň Hemişelik wekili BMG-niň Baş sekretaryna ynanç hatyny gowşurdy

Mary we Lebap welaýatlarynyň käbir etraplaryna täze häkimler bellenildi

Arkadag şäherinde jaý toýlary tutuldy

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşdy

Ata Watan Eserleri