Gruziýa döwlet saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin “Ekspo Georgia” sergiler merkezine geldi. Bu ýerde Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze mähirli garşylady.
Soňra bu ýerde Türkmen-gruzin işewürlik maslahaty geçirildi.
Forumda, ilki bilen, Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze çykyş etdi.
Irakliý Kobahidze häzirki wagtda Gruziýada türkmen maýasynyň gatnaşmagynda ulag-logistika, gurluşyk, oba hojalygy we beýleki ulgamlarda köp sanly bilelikdäki kärhanalaryň, kompaniýalaryň netijeli iş alyp barýandygyny aýdyp, bu toplanan baý tejribäniň geljekki hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly binýat bolup durýandygyny belledi.
Gruziýanyň Premýer-ministri hemmelere üstünlikleri arzuw edip, şu günki ýokary derejeli duşuşygyň iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda täze hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga, anyk başlangyçlary öňe sürmäge, netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Soňra çykyş etmek üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa söz berildi. Döwlet Baştutanymyz maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, bu forumyň ikitaraplaýyn söwda, ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ýardam berjekdigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň ykdysady ösüşi barada aýdyp, 2026-njy ýylyň başynda ýurdumyzda maýa goýum Maksatnamasynyň tassyklanandygyny, onuň esasy maksadynyň Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüşini 6,3 göterim derejede saklamakdan ybaratdygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz ulag-logistika, kommunikasiýa, üpjünçilik ulgamlaryny we deňiz terminallaryny peýdalanmagy ösdürmekde uly mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekip, hususy telekeçiligiň ugurdaş üpjünçilik ulgamlaryny döretmäge, harytlardyr hyzmatlary üstaşyr geçirmek üçin aýratyn mümkinçilikleri peýdalanmaga çekilmelidigini nygtady. “Gara deňziň gruzin kenarynda Türkmenistanyň ýük terminalyny döretmek hakynda gepleşikleri alyp barýarys. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny iş ýüzünde amala aşyryp, iki ýurduň işewürler jemgyýetçiligi bu taslamany durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaly diýip hasap edýärin. Türkmenistan syýahatçylygy we hyzmatlar ulgamyny ösdürmekde-de Gruziýanyň tejribesi bilen gyzyklanýar” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň bu foruma ýurtlarymyzyň işewürleriniň arasynda yzygiderli, oýlanyşykly, anyk dialogyň başlangyjy hökmünde garaýandygyny, şeýle çäreleriň yzygiderli esasda ýurdumyzda we Gruziýada geçiriljekdiginden ugur alýandygyny nygtady hem-de foruma gatnaşyjylara netijeli gatnaşyklary, peýdaly ideýalary, tejribeleri alyşmagy arzuw etdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Premýer-ministr Irakliý Kobahidze bilelikde Türkmenistanda öndürilen önümleriň göçme sergisine baryp gördüler.
