SPORT

«Barselona» taryhynda ilkinji gezek gazak futbolçy bilen şertnama baglaşdy

Ispaniýanyň «Barselona» futbol kluby gazagystanly hüjümçi Karim Mendikanow bilen şertnama baglaşdy.

Mendikanow «Barselona» bilen resmi şertnama baglaşan ilkinji gazagystanly futbolçy boldy. 14 ýaşly hüjümçi 2026/27 möwsüminden başlap, klubuň futbol akademiýasyna goşular.

«Ömrümiň dowamynda çykyş etmegi arzuw eden toparym bilen şertnama baglaşandygyma örän begenýärin» diýip, Karim Mendikanow “Instagram” sahypasynda ýazdy we «Barselonanyň» ofisinde şertnama gol çekişlikden düşürilen suratlaryny paýlaşdy.

Mundan ozal Mendikanow Ispaniýanyň «Serdanýola» we «San Kugat» klublarynyň ýaşlar toparlarynda çykyş edipdi. Şeýle hem aprel aýynda ol Gazagystanyň 16 ýaşa çenli milli ýygyndysyna çagyryldy.

Related posts

Halk Türkiýede oýnar

Tokio-2020: sýorfing boýunça ilkinji Olimpiýa medallary

Ata Watan Eserleri

Garri Keýn meşhur Peleden öňe saýlandy