SPORT

Dünýä çempionatynda meşhur bolan Wozinýa Çilide oýnar

Dünýä çempionatynda uly meşhurlyk gazanan Kabo-Werde milli ýygyndysynyň derwezeçisi Wozinýa Çiliniň “Kolo-Kolo” futbol klubyna geçer. Bu barada žurnalist Fabrisio Romano özüniň “X” sahypasynda habar berdi.

Çeşmäniň berýän maglumatyna görä, oýunçy şu dynç günleri şertnama baglaşsa gerek.

Dünýä çempionatynda Ispaniýanyň milli ýygyndysyna garşy geçirilen duşuşykdan soň (0:0) — ol duşuşykda derwezeçi 7 urgyny yza gaýtardy — Wozinýanyň “Instagram” sahypasyna bir günden gowrak wagtyň içinde 10 million adam ýazyldy. Házirki wagtda onuň yzarlaýjylarynyň sany 29,5 milliona ýetdi.

Kabo-Werdäniň milli ýygyndysy 1/16 finala çenli ýetip, ol ýerde goşmaça wagtda Argentinanyň toparyndan utuldy (2:3).

Wozinýa Halkara Futbol Federasiýasynyň (FIFA) saýlamagyna görä, dünýä çempionatynyň simwoliki ýygyndysyna girdi.

Wozinýa 40 ýaşynda, ol ozal Portugaliýanyň ikinji diwizionyndaky “Şawiş” klubynda çykyş edýärdi. “Transfermarkt” portalyna görä, onuň bahasy 500 müň ýewro diýlip bahalandyrylýar. Ol şeýle hem Portugaliýanyň “Žil Wisente”, Moldowanyň “Zimbru”, Kipriň AEL we Slowakiýanyň “Trençin” toparlarynda hem oýnady.

“Kolo-Kolo” — Çiliniň iň köp dereje gazanan klubydyr. Topar ýurduň 33 gezek çempiony we Çiliniň Kubogynyň 13 gezek eýesidir.

Related posts

“Real” – 35-nji gezek Ispaniýanyň çempiony boldy

Messi kararyny berdi: “Barselonada” düýpgöter özgerişlikler geçiriler

Ronaldo “Al-Nasr” futbol kluby bilen şertnamasyny uzaldar