Futbol boýunça dünýä çempionatynda iň köp oýna eminlik eden emin özbegistanly Rawşan Irmatow boldy. Irmatow çempionatyň taryhynda 2010-njy ýylda 5, 2014-nji ýylda 4 we 2018-nji ýylda 2 oýun bolmak bilen, jemi 11 oýunda eminlik etdi.
Argentinaly Nestor Pitana 2014-nji (4) we 2018-nji (5) ýyllarda 9 oýna eminlik edip, bu ugurda ikinji ýeri eýeledi. Bu iki eminiň yzyndan 8 oýun bilen fransuz Joel Kinýu, meksikaly Benito Arçundia Tellez we urugwaýly Horhe Larrionda Pietrafesa gelýär.
Dünýä çempionatlaryndaky eminlik eden eminleriň arasynda iň ýaşy 27, iň garrysy bolsa 53 ýaşyndadyr.
Urugwaýly Fransisko Mateuçi heniz 27 ýaşynda wagty, 1930-njy ýylda öz ýurdunda geçirilen çempionatda eminlik etdi we dünýä çempionatynyň iň ýaş emini hökmünde taryha girdi.
Dünýä çempionatynyň iň garry emini bolsa 1950-nji ýylda Braziliýada geçirilen çempionatda eminlik eden iňlis Jorž Rider boldy. Rider 1950-nji ýylyň dünýä çempionatynda eminlik eden döwründe 53 ýaşyndady.
