SPORT

Dünýä çempionatyna köp ýyldan soň gaýdyp gelen 7 Ýewropa ýurdy

Türkiýäniň Milli futbol ýygyndysy bilen birlikde Norwegiýa, Şotlandiýa, Awstriýa, Çehiýa, Bosniýa we Gersegowina hem-de Şwesiýa köp ýyldan soňra futbol boýunça dünýä çempionatyna gatnaşmak arzuwyny amala aşyrjak 7 Ýewropa ýurdunyň hataryna girdi.

Öň 32 topar bilen geçirilýän ýaryş ilkinji gezek 48 toparyň gatnaşmagynda guralar. ABŞ, Meksika we Kanadanyň bilelikde gurnajak 2026 FIFA Dünýä çempionatynda Ýewropadan 16 topar çykyş eder.

2022-nji ýylda Katarda geçirilen Dünýä Kubogyna gatnaşyp bilmedik 7 Ýewropa ýurdy 2026-njy ýylda ýaryşa gatnaşar.

1998-nji ýyldaky çempionata gatnaşan Norwegiýa, Şotlandiýa we Awstriýa 28 ýyllyk arakesmeden soň 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazandy.

Türkiýe 24 ýyldan soň dünýä çempionatynda

Türkiýäniň milli ýygyndysy 2002-nji ýyldan soň ilkinji gezek, 24 ýyllyk arakesmeden soň, 2026-njy geçirilýän futbol çempionatyna gatnaşar. Türk ýygyndysy 2002-nji ýyldan soň geçirilen 5 ýaryşa gatnaşyp bilmedi.

Türkiýe Ýaponiýa bilen Günorta Koreýanyň bilelikde gurnan 2002-nji ýyldaky dünýä çempionatynda 3-nji orny eýeläpdi.

Çehiýa, Bosniýa we Gersegowina hem-de Şwesiýa

Çehiýa iň soňky gezek 2006-njy ýyldaky dünýä çempionatynda çykyş edipdi. Bosniýa we Gersegowina 2014-nji ýyldaky dünýä çempionatyndan soň iki ýaryşy sypdyryp, 2026-njy ýylda ýene-de bu iri sport ýaryşynyň gatnaşyjysy boldy.

Şwesiýa bolsa Russiýada geçirilen 2018-nji ýyldaky dünýä çempionatyna gatnaşyp, emma 2022-nji ýyldaky ýaryşa gatnaşyp bilmändi

Köp ýyllardan soň dünýä çempionatyna gaýdyp gelýän ýurtlar

Ýurt Näçe ýyldan soň Soňky dünýä çempionaty
Norwegiýa 28 1998
Şotlandiýa 28 1998
Awstriýa 28 1998
Türkiýe 24 2002
Çehiýa 20 2006
Bosniýa we Gersegowina 12 2014
Şwesiýa 8 2018

Ýene-de okaň

Finlýandiýa bäşinji gezek hokkeý boýunça dünýä çempiony boldy

Dünýä çempionatynda iň köp kart alan futbolçy  – Maskerano

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempiony Dmitriý Biwol guşaklaryny gorady

Türkmenistan U20 Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda çykyş eder

«Barselona» topary Entoni Gordony satyn aldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankulyýew WBC Eurasia çempiony boldy