JEMGYÝETSPORT

Katar-2022:Dünýä çempionatyny nädip tomaşa edip bolar?

Şu gün Aşgabat wagty bilen 21:00-da Katar-Ekwador duşuşygy bilen futbol boýunça dünýä çempionaty Katarda badalga alýar. Bu abýarly ýaryşy dünýäde 200-e golaý ýurtda göni ýaýlymda berler.

Şolaryň arasynda Türkmenistanda Aşgabat şäherinde “IP TW” ulgamy arkaly käbir teleýaýlymlarda tomaşa etmek mümkin bolup biler. Olaryň arasynda Russiýanyň “Match tv” hem-de Täjigstanyň “Varzish” teleýaýlymlary bar.

Şeýle hem “Match futbol 1”,  Azerbaýjanyň “Ictimai Tv”, Gazagystanyň “KazSport”, Eýranyň “IRIB Varzish”, Germaniýanyň ZDF, Italiýanyň “Rai 1”, Beýik Britaniýanyň “BBC One” hem-de “Itv” ýaly teleýaýlymlary 64 duşuşygy janköýerleriň dykgatyna ýetirerler.

Mundan başga-da, mundan ozalky dünýä çempionatlaryny Türkiýäniň “TRT1” hem-de“TRT spor” teleýaýlymaryndan hem tomaşa edip bolýardy. Ýöne TRT teleýaýlymy bu gezekki futbol çempionatynyň duşuşyklary diňe içerki, ýagny öz ýurdunyň çäginde tomaşaçylaryň tomaşa etmegine rugsat berendigi bellenilýär.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň Premýer-ministrini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment