SPORT

“Bawariýa” kubokdan doýanok

Şu ýyl “Bawariýa” toparynyň taryhynda iň şowly möwsümleriň biri boldy. Toparyň ýakynda Çempionlar ligasynda we UEFA Super kubogy ugrundaky oýunlarda bäsdeşlerinden tapawutlanyp çempion bolmagy hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Ýene bir bellemeli zatlaryň biri “Bawariýa” topary ýene-de bir naýbaşy kubogyň eýesi bolmagy başardy.

Germaniýanyň Super kubogy ugrundaky oýunda “Borussiýa Dortmund” toparyny 3-2 hasabynda ýeňen “Bawariýa” kuboga mynasyp boldy. “Bawariýa” oýna çalt girişdi. 18-nji minutda Tolissonyň pökgüsi tora girip, 1-0 hasabynda öňe saýlanan “Bawariýa” topary 32-nji minutda Tomas Müller goly bilen hasaby 2-0-a çykardy.

“Borussiýa Dortmund” garşydaşyndan yza galmady. Oýnuň 39-njy minutynda Julian Brandyň tora salan topy tapawudy azaltdy, 55-nji minutda Erling Holandyň çeýelik bilen erk eden pökgüsi hasaby deňledi we oýun 2-2-ä ýetdi.

Oýnuň 82-nji minutda Joşua Kimmihiň topy hasaby ýokarlandyrdy we “Bawariýa” 3-2 hasabynda oýny tamamlady.

“Bawariýa” 3-2 hasabynda Germaniýanyň Super kubogynyň ýeňijisi boldy. Geçen ýyl bu kubok ugryndaky ýaryşda edil şu iki topar duşuşypdy we “Borussiýa Dortmund” ýeňiş gazanypdy.

 

Medeniýet Sahypamyz

Sungat we medeniýet ulgamyna degişli täzelikler medeniýet sahypamyza ýerleşdirilendir!

 

Ýene-de okaň

Meşhur futbolçy Hristo Stoiçkow Aşgabatda öz tejribesini paýlaşdy

Awstraliýaly türgen Useýn Boltuň 20 ýyllyk rekordyny täzeledi

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady