JEMGYÝET

Hem çalt, hem arzan

Koronowirus barlagy üçin döredilen täze synag gurluşy keseli 15 — 30 minudyň içinde anyklap bilýär. Onuň bahasy bolsa bary-ýogy 5 dollar. Bu hakda BSGG-niň baş direktory Tedros Adhanom Gebreýesus habar berdi.

«Täze synag bedende keseliň bardygyny ýa ýokdugyny gysga wagtda anyklap bilýär. Onuň bahasynyň arzan bolmagy bolsa, hemmeler üçin elýeterli hyzmatlary bermäge ýardam edýär» diýip, onuň maglumatnamasynda aýdylýar.

Täze synaglar «Abbott» we «SD Biosensor» tarapyndan işlenip düzüldi. Olaryň mümkinçiligi 133 döwletde bir ýylda 120 million synag geçirmäge ýetýär. Täze synagy Bill Geýtsiň haýyr-sahawat gaznasy maliýeleşdirýär.

Ykdysadyýet sahypamyz

Ýurdumyzda we dünýäde bolup geçýän ykdysadyýete degişli täzeliklerden “habardar” bolmak isleýän bolsaňyz, bu sahypa Siziň üçin!

Related posts

Murat Boz Türkmenistanda konsert berer

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Balkan welaýatyna iş sapary

Türkmenistan bilen Gazagystan söwda dolanyşygyny 1 milliard dollara ýetirer

Ata Watan Eserleri