JEMGYÝET

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş Awaza geldi

2025-nji ýylyň 3-nji awgustynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary jenap Antoniu Guterriş Awaza milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahata gatnaşmak üçin Türkmenbaşy şäherine iş sapary bilen geldi.

BMG-niň Baş sekretarynyň uçary Türkmenbaşy Halkara howa menziline gondy. Ýokary derejeli myhman bu ýerde resmi adamlar tarapyndan garşylanyldy.

Jenap Antoniu Guterrişiň bu möhüm maslahata gatnaşmagy onuň dünýä derejesindäki ähmiýetini has-da artdyrýar we oňa gatnaşyjy döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalanmagyna ýardam berer.

Related posts

Gazprom, Türkmenistan ile 5 yıllık bir sözleşme imzaladı

vepa

Adam atlarynyň manysy 12-nji ýanwar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň ýokary sylagy — “Altyn Bürgüt” ordeni bilen sylaglandy