DÜNÝÄ

Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Başlygy Awaza geldi

2025-nji ýylyň 3-nji awgustynda Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Awazada geçiriljek BMG-niň maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenbaşy şäherine geldi.

Hormatly myhmanyň uçary Türkmenbaşy Halkara howa menziline gondy. Sahiba Gafarowa bu ýerde türkmen milli däplerine laýyklykda mähirli garşylandy.

Azerbaýjanyň wekiliýetiniň bu halkara maslahata gatnaşmagy iki doganlyk ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine we halkara başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegine goşant goşar.

Related posts

Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň sammitine taýýarlyk görülýär

Türkiýede Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli küşt boýunça bäsleşik geçirildi

Indoneziýanyň täze paýtagty – “Nusantara”

Ata Watan Eserleri