JEMGYÝET

Türkmenistanyň ýolbaşçylary Antoniu Guterrişi doglan güni bilen gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe 75 ýaş toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz hatynda: “Siziň parahatçylygy berkitmäge, ählumumy howpsuzlygy üpjün etmäge, ähli ýurtlaryň durnukly we ýokary depginlerde ösmegi üçin şertleri döretmäge gönükdirilen halkara işiňiz uly hormata mynasypdyr” diýip belledi hem-de Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady.

Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişe berk jan saglyk, bagtyýarlyk, ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

***

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe 75 ýaş toýy mynasybetli mähirli gutlaglaryny iberdi.

“Dünýäde durnuklylygy we parahatçylygy berkitmäge gönükdirilen işleriňiz, şeýle hem Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky netijeli gatnaşyklary ösdürmäge goşýan goşandyňyz üçin Size çuňňur minnetdarlygymy bildirýärin” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri hatynda belledi.

Gahryman Arkadagymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişe tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýarlyk, ähli asylly başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistandaky “Mosaic Visa” kompaniýasy 4-nji maýda täze ofisine geçýär

Türkmenistanda täze talyp haklary giriziler

Arkadag şäheriniň 2-nji tapgyrynda 4284 maşgala niýetlenen ýaşaýyş jaýlary gurulýar

Arkadag şäheriniň wekiliýeti Azerbaýjanda geçiriljek Şäherleriň Bütindünýä Forumyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

Arkadag şäheriniň muzeýinde Milli Liderimiziň manyly ömrüne degişli gymmatlyklary ýerleşdirmek meýilleşdirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekiliýeti Bakuda geçiriljek şäherleriň Bütindünýä forumyna gatnaşar