SPORT

Täze möwsüme taýýarlyk

Niderlandlaryň birinji futbol ligasynyň 2019-2020-nji ýyldaky möwsümiň täze görnüşli koronawirus epidemiýasy sebäpli ýatyrylandygyna garamazdan, 2020-2021-nji ýyldaky täze möwsümi şu ýylyň sentýabr aýynyň 12-13-ine başlatmak meýilleşdirilýär. Täze möwsümiň tomaşaçylar bilen başlanmagyna hem garaşylýar. Niderlandlaryň Futbol Federasiýasy tarapyndan berlen beýanata görä,  sentýabr aýynyň 12-13-ine başlanjak täze möwsümde tomaşaçylar aralary 1,5 metr uzaklykda oturmak şerti bilen gatnaşyp biljekdigi aýdyldy. Bu hoş habar tomaşaçylary diýseň begendirdi.

Mundan başga-da Niderlandrlarda 1-nji iýuldan beýleki sport ýaryşlarynyň hem başladylmagyna garaşylýar.

Related posts

Maýk Taýson süýji öndürýär

Ata Watan Eserleri

Ildeşimiz Döwletjanyň nobatdaky tutluşygy

Henderson 12 ýyldan soňra saud toparyna geçdi