SPORT

Tokio-2020: Hindistanyň ýeňil atletikadaky ilkinji altyn medaly

Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen tomusky Olimpiýa oýunlarynda Hindistanyň türgeni naýza zyňmakda altyn medal gazandy. Bu Hindistanyň taryhynda ýeňil atletikada gazanylan Olimpiýa oýunlarynyň ilkinji “altyn” medaly boldy.

Umuman, ýeňil atletikanyň bu gurundaky ýaryş garaşylmadyk netije bilen tamamlandy. Sport bilermenleri ýa-da janköýerler hindi türgeniniň ýeňiş gazanjakdygyny göz öňüne getirip bilmeýärdi.

Emma bu başa bardy. Hindistanyň türgeni Neeraj Çopra naýzany 87.58 metr uzaklyga zyňyp, Olimpiýa çempiony bolmagy başardy.

bu ugurda kümüş we bürünç medallary Çehiýanyň türgenleri Jakup Wadleç hem-de Witezslaw Weseli gazandy.

 

Tokio-2020: Braziliýa olimpiýa çempiony

Related posts

Bu oýunçy rekordlary täzeleýär

Ýewropa futbolyna syn… Mourinýo Gwardiolany ýeňdi

Ýylyň suraty: Messi bilen Ronaldo täzeden duşuşdy