SPORT

Tokio-2020: Braziliýa olimpiýa çempiony

Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçirilen tomusky Olimpiýa oýunlarynda Braziliýanyň futbol boýunça milli ýygyndysy çempion boldy.

Final duşuşynda Braziliýa bilen Ispaniýa duşuşdy. Braziliýanyň ýygyndysy esasy wagty, 90 minuty 1:1 hasabynda deňme-deň gutaran duşuşykda goşmaça wagtlardan geçiren goly bilen 2:1 hasabynda ýeňiş gazandy.

2016-njy ýylda Rio Olimpiýa oýunlarynda hem çempion bolan Braziliýanyň ýygyndysy Tokio Olimpiýa oýunlarynda hem çempion bolmagy başardy.

Braziliýanyň milli ýygyndysynyň ökde futbolçysy Dani Alwes üstünlikleriniň hataryna Olimpiýa oýunlarynyň çempionlygyny hem goşmagy başardy. Dani Alwes Braziliýanyň milli ýygyndysy bilen 2 gezek Kopa Amerika kubogyny, 2 gezek FIFA Konfederasiýa kubogyny, oýnan dürli toparlarynda 3 gezek Çempionlar Ligasynyň kubogyny, 4 gezek UEFA-nyň Superkubogyny, 6 gezek Ispaniýanyň milli çempiony, 1 gezek Italiýanyň milli çempionatynyň çempiony, 2 gezek Fransiýanyň milli çempionatynyň çempiony bolmagy başardy. Ol 43-nji titulyny gazandy.

 

8-nji awgustda ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Döwletjan Ýagşymyradow 26-njy ýeňşini gazandy

“Bawariýa” 35-nji gezek Germaniýanyň çempiony boldy

«Real Sosýedad» 4-nji gezek Ispaniýanyň Şa Kubogyny gazandy

Messi Ispaniýanyň futbol klubynyň täze eýesi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow: göreş — meniň durmuşym

Döwletjan Ýagşymyradow şu agşam tutluşyga çykar

Ata Watan Eserleri