SPORT

Ronaldo 5-nji gezek dünýä çempionatyna gatnaşýar

Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi, dünýä belli Kristiano Ronaldo 5-nji gezek futbol boýunça dünýä çempionatyna gatnaşar. Ol bu görkeziji bilen rekordçylar – meksikalylar Antonio Karbahal we Rafael Markes hem-de german Lotar Matteus bilen deňleşýär.

Mälim bolşy ýaly, ýene-de 9 günden futbol boýunça dünýä çempionaty Katarda badalga alýar. Oňa gatnaşjak milli ýygyndylar düzümlerini mälim etmäge başlady. Şoňa laýyklykda, Portugaliýanyň ýygyndysy hem düzümini mälim etdi. 26 futbolçydan ybarat bolan ýygyndynyň düzüminde Kristiano Ronaldo hem bar.

Ronaldo üçin bu çempionat karýerasyndaky 5-nji çempionat bolar. Dünýä çempionatyna ozal 5 gezek diňe meksikalylar –  Antonio Karbahal we Rafael Markes hem-de germaniýaly Lotar Mattesu gatnaşypdy. Eger Italiýanyň milli ýygyndysy gatnaşmaga hukuk gazanan bolsady, derwezeban Janluiji Buffon hem 5-nji gezek dünýä çempionatyna gatnaşmak hukugyna eýe bolardy.

Portugaliýanyň ýygyndysy “H” toparçada çykyş edip, Gana, Urugwaý we Günorta Koreýa bilen duşuşar. Mundan ozal, Portugaliýanyň ýygyndysynyň dünýä çempionatynda görkezen iň gowy netijesi 1966-njy ýylda bolupdy. Şol ýyl Portugaliýa dünýä çempionatynda 3-nji orny eýeläpdi.

Ýene-de okaň

Hytaýda VI Aziýa kenarýaka oýunlaryna badalga berildi

Azerbaýjanda “UFC Fight Night” ýaryşlary geçiriler

George Haji Rumyniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow 26-njy ýeňşini gazandy

“Bawariýa” 35-nji gezek Germaniýanyň çempiony boldy

«Real Sosýedad» 4-nji gezek Ispaniýanyň Şa Kubogyny gazandy